Danyýar 9:1—27
9 Midiýaly Haşaýaryň* ogly Dariýiň+ hökümdarlygynyň birinji ýylydy. Ol haldeýleriň üstünden patyşa edip bellenipdi+.
2 Dariýiň patyşalygynyň birinji ýylynda, men, Danyýar mukaddes golýazmalary okadym. Ýehowanyň Ýermeýa pygamber arkaly aýdan sözlerinden Iýerusalimiň 70 ýyllap+ haraba bolup ýatjakdygyna+ düşündim.
3 Men hak Hudaý Ýehowa ýalbaryp kömek soradym, agyz bekledim+, jul* geýdim we kül üstünde oturyp, doga edip başladym.
4 Ýehowa Hudaýyma halkymyň günäleri üçin şeýle doga etdim:
«Hak Hudaýym Ýehowa, sen ähtiňe wepalysyň, hudaýhonlary*, tabşyryklaryňy berjaý edýänleri+ söýýärsiň*+, beýik hem haýbatly Hudaýsyň!
5 Biz günä gazandyk, zorluk-sütem etdik, erbet işlere baş goşduk, gozgalaň turuzdyk+, tabşyryklaryňy we kararlaryňy bozduk.
6 Seniň adyňdan gelen pygamberler+ patyşalarymyza, serkerdelerimize, ata-babalarymyza we bütin halkymyza duýduryş bererdiler. Emma biz olary diňlemedik.
7 Ýehowa, sen dogruçyl, biz bolsa henize çenli ýüzügara. Ýahuda we Iýerusalim halky, ysraýyllaryň ählisi saňa biwepalyk edendikleri üçin ýüzügara. Sen olary ýakyn we daş ülkelere, dünýäniň ähli künjegine pytratdyň+.
8 Ýehowa, seniň öňüňde patyşalarymyz, serkerdelerimiz, ata-babalarymyz we biziň ählimiz ýüzügara. Sebäbi biz saňa garşy günä etdik.
9 Ýehowa Hudaýymyz, sen geçirimli+, rehimdar, ýöne biz saňa garşy gozgalaň turuzdyk+.
10 Biz Ýehowa Hudaýymyzyň sözüne gulak asmadyk, pygamberleri arkaly beren kanunlaryny ýerine ýetirmedik+.
11 Ysraýyl halky Kanunyňy bozdy, sözüňe gulak asmady. Hak Hudaýyň guly Musanyň kanunynda ýazylan ähli näletler başymyza indi+, sebäbi biz saňa garşy günä etdik.
12 Bize we üstümizden hökümdarlyk eden serdarlara aýdyşyň ýaly+ betbagtçylyk getirdiň. Iýerusalime inen bela gök astynda hiç haçan bolmandy+.
13 Musanyň kanunynda ýazylan ähli belalar başymyza indi+. Biz bolsa Ýehowa Hudaýymyza ýalbarmadyk, rehim etmegini dilemedik, günäli ýolumyzdan gaýtmadyk+ we Hudaýyň dogruçyllygyny* unutdyk.
14 Ýehowa eglenmän, öz wagtynda başymyza bela inderdi. Ýehowa Hudaýymyzyň edýän ähli işleri adalatlydyr, ýöne biz oňa gulak asmadyk+.
15 Güýçli goly bilen halkyny Müsür ýurdundan alyp çykan+, şu güne çenli özüni şöhratlandyrýan+ Hudaýymyz Ýehowa, biz günä edipdik we erbet işlere baş goşupdyk.
16 Ýehowa, ýalbarýaryn, dogruçyllygyňa görä+ Iýerusalim şäheriňden, mukaddes dagyňdan gahar-gazabyňy sow. Biziň hem-de ata-babalarymyzyň günäleri, ýazyklary sebäpli Iýerusalim şäheri we seniň halkyň goňşulara masgara boldular+.
17 Ýa Allam, indi guluň dilegini eşit, dogalaryna gulak goý. Ýehowa, haraba dönen+ mukaddes mekanyňa öz hatyraň üçin rehim et+.
18 Alla jan, meni diňle, sözlerimi eşit. Seniň adyňy göterýän, haraba dönen şäheriňe seret. Dogruçyl bolandygymyz üçin däl-de, seniň rehimdar Hudaýdygyňy+ bilip ýalbarýarys.
19 Ýehowa, bizi eşit! Ýehowa, bizi bagyşla!+ Ýehowa, bizi diňläp, dadymyza ýetiş! Ýa Allam, adyň hatyrasyna gijä galma! Sebäbi şäher we halk seniň adyň bilen tanalýar»+.
20 Men özümiň, ysraýyl halkymyň günäleri üçin toba edip, doga edýärdim, Hudaýym Ýehowadan mukaddes dagyna+ rehim etmegini dileýärdim.
21 Men heniz doga edip durkam, öňki görnüşde* görnen+ Jebraýyl perişde+ ynsan keşbinde ýanyma geldi. Men örän ýadapdym. Öýlän çagydy, gurbanlyk berilýän wagtdy.
22 Ol maňa şeýle düşündirdi:
«Danyýar, men saňa bularyň baryny düşündirmäge geldim.
23 Sen doga edip başlanyňda, maňa bir habar geldi; menem saňa aýtmaga geldim, sebäbi Hudaý seni gowy görýär*+. Indi bolsa aýtjak sözlerimi ünsli diňläp, görnüşiň manysyna düşün.
24 Hudaý seniň halkyň we mukaddes şäheriň+ üçin 70 hepde* belledi. Şonda ýazyklar we günäler ýok ediler+, töleg tölener+, dogruçyllyk ebedilik dikeldiler+, görnüş hem-de pygamberlik möhürlener+, Iň mukaddes ýer Hudaýa bagyş ediler*.
25 Muny bil we düşün, Iýerusalimiň dikeldilmegi barada perman çykandan+ tä Mesih+ Baştutan+ bolup gelýänçä, 7 hepde hem 62 hepde+ geçmeli. Şol döwür agyr bolsa-da, Iýerusalim, onuň meýdançasy* gaýtadan dikeldiler we ýaplar gazylar.
26 Mesih 62 hepdeden soň öldüriler+, ol hiç zatsyz galar+.
Baştutan goşuny bilen gelip, şäheri we mukaddes ýeri weýran eder+. Ol sil alan ýere meňzär. Ol ýer ýok edilýänçä uruşlar bolar, Hudaýyň karary bilen şäher haraba döner+.
27 Ol köpler üçin ähti bir hepde güýjünde saklar. Hepdäniň ortasynda gurbanlyklaryň hem sadakalaryň berilmegi bes ediler+.
Ýigrenji zatlaryň ganatynda weýrançylyk getirýän biri geler+. Weýran edilen ýer doly ýok edilýänçä, çykarylan höküm ýerine ýetiriler».
Çykgytlar
^ Käbir taryhy kitaplarda Ahaşweroş diýilýär.
^ Ýa-da: özüňi söýýänleri.
^ Ýa-da: wepaly söýgiňi bildirýärsiň.
^ Ýa-da: wepalylygyny.
^ Ýa-da: sen sylanýan adamsyň.
^ Sözme-söz: ýag guýlup bellener.
^ Bu ýerde bir hepde ýedi ýyly öz içine alýar. Jemi: 490 ýyl.