Eýýup 17:1—16

  • Eýýup sözüni dowam edýär (1—16)

    • «Ýaňsylaýjylar ýanymda» (2)

    • «Hudaý meni masgara edýär» (6)

    • «Mazar öýüm bolar» (13)

17  Güýç⁠-⁠kuwwatdan gaçdym, demimi sanap ýatyryn,Meni mazar çagyrýar+.   Ýaňsylaýjylar ýanymda+,Olaryň zalymlygy gözümiň alnynda.   Ýalbarýaryn, hemaýat et maňa! Arkamy tutjak başga kim bar?+   Olara aň⁠-⁠düşünje bermediň+,Olary beýgeltmediň.   Ol baýlygyny dostlary bilen paýlaşýar,Çagalarynyň açlykdan gözleri garaňkyraýar.   Hudaý meni masgara edýär+,Olar ýüzüme tüýkürýär+.   Gaýgydan ýaňa gözüm küteldi+,On iki synam çöpe döndi.   Dogruçyl adam derdime aňk bolýar.Hudaýsyzlary* görüp, bigünäler gaharlanýar.   Dogruçyl ynsan wepalylygyny* saklaýar+,Eli arassa adam gün⁠-⁠günden güýçlenýär+. 10  Geliň, siz hem dawalaşyň!Şu wagta çenli akylly gepläniňiz bolmady+. 11  Ömrümiň günleri tükenip barýar+.Niýetlerim, ýürek arzuwlarym puja çykýar+. 12  Olar gijäni gündize öwürýärler.„Garaňkylykdan soň ýagtylyk geler“ diýýärler. 13  Ýene birsalymdan mazar* öýüm bolar+,Ýorgan⁠-⁠düşegimi garaňkylykda ýazaryn+. 14  Mazara+: „Kakam“, Gurçuga: „Ejem, jigim“ diýerin. 15  Hany meniň umydym?+ Gören barmydyr? 16  Barymyz topraga siňeris,Umydymyz hem gapysy gulply mazara iner»+.

Çykgytlar

Ýa-da: Imandan dänenleri.
Ýa-da: aýypsyzlygyny.
Sözlüge serediň.