Eýýup 21:1—34

  • Eýýup söze başlaýar (1—34)

    • «Erbetler näme üçin uzak ömür sürýär?» (7—13)

    • Dostlaryny paş edýär (27—34)

21  Eýýup söze başlady:   «Aýtjak sözlerimi ünsli diňläň,Şonda göwünlik berdigiňiz bolar.   Biraz sabyr ediň, men gepläýin,Soňra üstümden gülüberiň+.   Ynsan bilen dawalaşýarynmy? Eger şeýle bolsa, dymyp oturardymmy?   Agzyňyzdan bir sözem çykmasyn.Maňa seredip, haýran galyň.   Oý⁠-⁠pikirden ýaňa janyma ýer tapamok,Tutuş bedenim sandyraýar.   Erbetler näme üçin uzak ömür sürýär?+Näme üçin döwleti* artýar, garrap ölýär?+   Çagalary hemişe ýanynda,Agtyk⁠-⁠çowlugy daşynda.   Öýleri asuda, gorkyny bilmeýär+.Hudaý olara jeza bermeýär. 10  Öküzleriniň sany artýar,Sygyrlary guzlaýar, gölesi düşmeýär. 11  Ogullary ylgaşýar, oýnaýar,Çagalary owlak ýaly ýaýnaýar. 12  Olar deprek, arfa çalyp aýdym aýdýarlar,Tüýdük sesi bilen göwnüni açýarlar+. 13  Gaýgy⁠-⁠gamsyz ömür sürýärler,Sag⁠-⁠salamat* mazara* inýärler. 14  Hudaýa diýýärler: „Bizi öz günümize goý! Ýollaryňy öwrenmek islemeýäris+. 15  Gudratygüýçlä gulluk etmeris, ol kimmişin?!+ Hudaýy ýatlamagyň* näme peýdasy bar?“+ 16  Bilýärin, olaryň rowaçlygy öz elinde däl+. Men erbetleriň maslahatyna gulak asmaryn+. 17  Heý⁠-⁠de, erbetleriň çyrasy sönermi?+ Başyna betbagtçylyk inermi? Hudaý olara gahar edip, jeza berermi? 18  Heý⁠-⁠de, olar gury ot kimin şemala uçarmy?Ýele sowrulan saman ýaly bolarmy? 19  Hudaý erbediň jezasyny ogluna çekdirer. Goý, erbediň özi⁠-⁠de Hudaýdan almytyny alsyn+. 20  Goý, ol heläkçiligi gözi bilen görsün.Gudratygüýçlüniň gahar käsesinden içsin+. 21  Biwagt dünýäden ötse+,Çagalarynyň bagtyna guwanyp bilermi? 22  Kim Hudaýa akyl berip biler?+Ol han⁠-⁠beglere* höküm çykarar+. 23  Gujurly, aladasyz adam hemParahat döwür aradan çykýar+. 24  Garnyny ýag bassa⁠-⁠da,Süňkleri berk bolsa⁠-⁠da, ömür tanapy üzülýär. 25  Başga biri bolsa ömürboýy dert çekip,Ýagşylyk ýüzüni görmän dünýäden ötýär. 26  Ikisi⁠-⁠de gara topragyň astynda ýatar+,Gurt bilen gurçuk üstüni örter+. 27  Men siziň oý⁠-⁠pikiriňizi bilip durun,Siz ýamanlyk etmegiň küýüne düşdüňiz+. 28  Siz: „Hany baý aganyň öýi nirede?Erbet adamyň çadyry nirede?“ diýýärsiňiz+. 29  Ýolagçylardan soramadyňyzmy? Olaryň aýdanlaryna ynanmadyňyzmy? 30  Betbagtçylyk güni zalymlar aman galýar,Gazap güni halas bolýar. 31  Kim onuň eden işini ýüzüne basar?Eden etmişi üçin kim temmi berer? 32  Ony gonamçylyga elterler,Mazarynyň* başynda sakçy goýarlar. 33  Ol gara ýeriň gujagynda süýji uka gidýär*+,Ähli adamlar yzyndan barýar+.Öňünden gidenleriň hem sany ýokdur. 34  Boş sözler bilen göwünlik bermek nämä gerek?+ Ýalandyr, bar gepiňiz ýalandyr!»

Çykgytlar

Ýa-da: güýç-kuwwaty.
Ýa-da: Tarpa-taýyn. Ýagny ejir çekmän ölmek.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: tanamagyň.
Ýa-da: ygtyýarlylara.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: Jaýlanan jülgesiniň topragy oňa süýjüdir.