Eýýup 26:1—14

  • Eýýup söze başlaýar (1—14)

    • Ejizlän adama kömek edişiň şumy? (1—4)

    • Hudaý Ýeri hiç zatdan asmady (7)

    • Hudaýyň diňe sanlyja işleri (14)

26  Eýýup söze başlady:   «Seniň ejizlän adama kömek edişiň şumy?+ Sen⁠-⁠ä ejize ganym ekeniň!   Akylsyza akyl satyp bildiň!+ Akyl⁠-⁠paýhasyň çogup dur!   Kime akyl satjak bolýarsyň?Muny kimden öwrendiň?*   Ölüler gorkudan ýaňa sandyraýar.Olar deňizden, janly⁠-⁠jandarlaryndan aşakda bolsa⁠-⁠da,   Hudaý mazary* görýär+,Heläkçilik* ýerini synlaýar.   Ol asmany* boş giňişlige ýazdy+,Ýeri hiç zatdan asmady.   Damjalary bulutlara gaplaýar+,Bulutlar agramyna böwsülmeýär.   Tagtyny bulutlar bilen örtýär+,Ony hiç kim görüp bilmeýär. 10  Asman bilen deňziň arasyna çäk goýýar+,Ýagtylyk bilen garaňkylygyň arasyna serhet çekýär. 11  Gögüň sütünleri sarsýar,Hudaý käýände titreýär. 12  Güýji bilen deňizde tolkun atdyrýar+.Ol düşünjesi bilen deňiz läheňini* bölüp taşlaýar+. 13  Demi bilen gök asmany ýagtyldýar,Eli bilen süýrenýän ýylany mynjyradýar. 14  Ine, Hudaýyň diňe sanlyja işine seretdik+.Ol hakda eşidenimiz diňe bir pyşyrdydyr. Eger gök gürrüldisi ýaly sözlese, kim düşünip biler?»+

Çykgytlar

Sözme-söz: Kimiň ruhy bilen gepleýärsiň?
Sözlüge serediň.
Ýewreýçe «Abaddon».
Sözme-söz: demirgazygy.
Sözme-söz: Rahawy.