Eýýup 27:1—23
27 Eýýup sözüni dowam etdi:
2 «Maňa adalatsyzlyk eden Alla diri şaýatdyr+,Meni ynjydan Gudratygüýçli diri şaýatdyr!+
3 Heniz dem alýarkam,Içimde Hudaýyň beren ýaşaýyş demi barka+,
4 Agzymdan nähak söz çykmaz,Dilim ýalan sözlemez!
5 Siziň aýdanlaryňyz bilen asla razylaşmaryn.
Soňky demime çenli wepaly* bolaryn!+
6 Men dogry ýoldan ýörärin, asla sowulmaryn+.Ýüregim meni hiç haçan ýazgarmaz*.
7 Goý, duşmanlarym erbetleriň gününe,Ýagylarym zalymlaryň gününe düşsün.
8 Hudaýsyz* adam ýok edilende,Alla janyny alanda,Ol nämä umyt eder?+
9 Başyna betbagtçylyk inende,Hudaý ahy-nalasyny eşidermi?+
10 Ol Gudratygüýçlüniň işlerine şatlanarmy?
Hudaýy hemişe çagyrarmy?
11 Size Hudaýyň güýç-kuwwaty hakda öwrederin*,Gudratygüýçli hakynda hiç bir zady gizlemerin.
12 Siziň ähliňiz görnüş* gören bolsaňyz,Näme üçin boş sözleri aýdýarsyňyz?
13 Hudaýyň erbetlere berjek paýy+,Gudratygüýçlüniň zalymlara berjek mirasy şudur:
14 Ogul-gyzlary köp bolsa-da, gylyçdan geçer+,Nesilleri açlykdan horluk çeker.
15 Aman galanlary gyrgynçylykdan öler,Dul aýaly ýasyny tutmaz.
16 Kümşi çäge kimin,Lybasy palçyk kimin üýşürse-de,
17 Aňyrsyna basyp goýsa-da,Ony dogruçyl adam geýer+,Bigünäler kümşüni paýlaşar.
18 Salan jaýy ýüpek gurçugyň pilesi ýaly,Garawulyň kepbesi+ kimin gowşak bolar.
19 Baý uklanda, mal-mülkünden hiç zat galmaz*,Gözüni açanda, baýlygy zym-zyýat bolar.
20 Gorky ony sil kimin basar,Gije tupan turup ýok eder+.
21 Gündogar ýeli alyp gider.Mekanyndan süpürip taşlar+.
22 Janhowluna gaçanda,Tupan rehimsizlik bilen üstüni basar+.
23 Ol* öz mekanyndan sykylyk çalar*+,El çarpyp, ony masgara eder.
Çykgytlar
^ Ýa-da: aýypsyz.
^ Ýa-da: ýaňsa almaz.
^ Ýa-da: Imandan dänen.
^ Başga manysy: Size Hudaýyň eli bilen öwrederin.
^ Sözme-söz: Baý bolup uklasa-da, hiç zat ýygnamaz.
^ Başga manysy: Olar.
^ Üstünden gülmegi ýa-da haýran galmagy aňladýan bolmaly.