Eýýup 31:1—40
31 Men gözlerim bilen äht baglaşdym+,
Gyz maşgala erbet höwes bilen seretmerin+.
2 Eger seredäýsem, Hudaýdan almytymy almarynmy?Gökdäki Gudratygüýçli maňa näme berer?
3 Betbagtçylyk erbetleriň başyndan inmeýärmi?Pisleriň maňlaýy daşa degmeýärmi?+
4 Ol meniň ýollarymy görmeýärmi?+Her bir ädimimi yzarlamaýarmy?
5 Haçan men ýalan sözledim?*
Aldan adamym barmy?+
6 Hudaý meni dogry terezide çeksin+,Şonda meniň ýazyksyzdygymy+ görer.
7 Aýagym dogry ýoldan çykan bolsa+,Ýüregim gözlerimiň ýesiri bolan bolsa+,Elimi harama uran bolsam,
8 Goý, hasylymy başgalar iýsin+,Ekin-dikinim* köki bilen sogrulsyn.
9 Bir zenana ýüregimi aldyryp, toruna düşen bolsam+,Goňşymyň gapysynda gizlenip ýatan bolsam+,
10 Goý, aýalym kesekiniň bugdaýyny üwesin,Goý, oňa başga erkekler ýanaşsyn*+.
11 Sebäbi şular haýasyz işlerdir,Jeza mynasyp günädir+.
12 Ahlaksyzlyk ot kimin ýalmap ýuwudýar+,Hasylyňy köki bilen kül edýär.
13 Gul-gyrnagym arz-şikaýat edende,Men adalatsyzlyk eden bolsam,
14 Hudaý hasabat sorasa näme jogap bererdim?
Hudaý garşyma çyksa näme edip bilerdim?+
15 Enemiň göwresinde meni ýaradan,Olary-da ýaratmadymy näme?+
Göwrede bize şekil beren ol dälmi näme?+
16 Garyplaryň soran zadyny bermedik bolsam+,Dul aýallara gözýaş dökdüren bolsam+,
17 Çöregimi ýeke iýip,Ýetime bermedik bolsam+,
18 (Ýaşlygymdan ýetimiň atasy boldum,Çagalykdan dul aýallaryň daýanjy boldum).
19 Eşiksiz kösenýän garyby,Ýapynjasyz mätäji görüp+,
20 Goýnumyň ýüňi bilen örtmedik bolsam,Ol hem ýürekden alkyş aýtmadyk bolsa+,
21 Şäher derwezesinde+ kömek soran* ýetime+Ýumrugymy çenän bolsam,
22 Goý, golum omzundan ýazsyn,Elim tirsegimden döwülsin.
23 Şonda Hudaýyň jezasyndan gorkup,Şöhratynyň öňünde durup bilmezdim.
24 Altyna bil baglan bolsam,Sap altyna: „Daýanjym sensiň!“ diýen bolsam+,
25 Ummasyz baýlygyma buýsanyp,Mal-mülküme guwanan bolsam+,
26 Nur saçýan Güne,Şugla saçýan Aýa gözüm düşende+,
27 Ýüregim meni aldan bolsa,Olara posa ýollap, sežde eden bolsam+,
28 Şonda agyr günä etdigim bolardy,Hak Hudaýdan ýüz öwürdigim bolardy.
29 Ejir çekýän duşmanymy görüp begenmedim+,Başyna bela inende şatlanmadym.
30 Ölümini diläp, gargyş okamadym+,Dilim bilen günä etmedim.
31 Öýümde ýaşaýanlardan:„Eýýubyň saçagyndan et iýmedim“ diýeni barmy?+
32 Ýat adam gije köçede galmazdy+,Ýolagçylara mydam gapym açykdy.
33 Iller ýaly aýybymy ýaşyrmadym+,Günälerimi donumda gizlemedim.
34 Il-günüň gepinden gorkup,Goňşy-golamyň dilinden heder edip,Öýümden çykman, dymyp oturdymmy?
35 Wah, meni diňlejek adam tapylsady!+
Aýdanlarymy subut edip, möhür basardym.
Wah, Gudratygüýçli maňa jogap bersedi!+
Aýyplaýjy günälerimi ýazyp bersedi!
36 Şonda ol ýazgyny gerşimde göterip,Başyma täç ederdim.
37 Her bir ädimim hakda hasabat bererdim,Şazada kimin huzuryna ynamly barardym.
38 Gara toprak maňa garşy nalyş okan bolsa,Mellegimiň joýalaryny naladan bolsam,
39 Hasylyny mugt iýen bolsam+,Ýer eýelerini alaçsyz goýan bolsam+,
40 Goý, bugdaý deregine ýandak,Arpa deregine porsy ot bitsin».
Eýýup sözüni tamamlady.
Çykgytlar
^ Başga manysy: ýalançylara goşuldym?
^ Ýa-da: Neslim.
^ Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
^ Başga manysy: Şäher derwezesinde ygtyýarymyň bardygyny gören.