Eýýup 33:1—33
33 Eýýup, indi meni diňle,Sözlerime gulak goý.
2 Haýyş edýärin, indi gepläýin,Sözlerim dilimiň ujunda.
3 Dilim bilenimi sözleýär,Sözlerimden ýüregimiň päkdigi görünýär+.
4 Hudaý ruhy bilen meni ýaratdy+,Gudratygüýçlüniň demi ýaşaýyş berdi+.
5 Başarsaň, maňa jogap ber,Delil getirip, özüňi aklajak bol.
6 Hak Hudaýyň öňünde deňdiris,Ikimizem toprakdan ýaradylandyrys+.
7 Şonuň üçin menden gorkma,Sözlerim agyr degip, howuňy basmasyn.
8 Aýdanlaryň gulagymdan gidenok,Şu sözleri köp aýtdyň:
9 „Men päk, ýazyksyz+,Tämiz, hiç bir etmişim ýok+.
10 Emma Alla maňa yrsaraýar,Ganym duşmany hasaplaýar+.
11 Aýagyma gandal salýar,Ähli ýollarymy barlaýar“+.
12 Ýöne sen ýalňyşýarsyň,
Hudaý başy ölümli ynsandan has beýikdir+.
13 Sen ondan näme üçin nägile?+
Saňa jogap bermändigi üçinmi?+
14 Hiç kim diňlemese-de,Alla gaýta-gaýta aýdýar.
15 Il-gün süýji uka gidende,Ýumşak düşekde ýatanda,Düýş hem görnüş* arkaly aýdýar+.
16 Şonda olaryň gulaklaryny açýar+,Öwüt-nesihat berýär*,
17 Ynsany günäden saklaýar+,Tekepbirlikden goraýar+.
18 Hudaý ony mazardan,Janyny gylyçdan halas edýär+.
19 Syrkawyň endam-jany agyrýar,Süňkleri yza çekýär, ýöne ol sapak edinýär.
20 Çöregi görüp, ýüregi bulanýar,Süýji nahary işdäsi almaýar+.
21 Gapyrgasyny sanaýmaly hor bolýar,Ol çöpe dönüp horlanýar.
22 Bir aýagy mazardadyr,Jany ganhorlaryň elindedir.
23 Eger bir habarçy*,Müňleriň içinden bir aklawçy,Adama hakykaty öwretse,
24 Hudaý oňa rehim edip:„Men onuň üçin töleg berjek+,
Mazardan alyp galyň+.
25 Goý, ýaş ýigit kimin sagdyn bolsun+,Ýaşlyk ýyllaryndaky ýaly gujur-gaýratly bolsun“+ diýer.
26 Ol ýalbarar, Alla oňa rehim eder+.Hudaýyň ýüzüni görüp, şatlykdan ýaňa gygyrar.Hudaý başy ölümli ynsany dogruçyl hasaplar.
27 Ol halkyň öňünde şeýle aýdym aýdar:„Günä+ edip, hilegärlige baş urdum,Etmişime görä jeza almadym*.
28 Ol janymy mazardan gutardy+,Ýagty jahany görkezdi“.
29 Alla adam üçin şeýle zatlary,Iki sapar, hatda üç sapar edýär.
30 Ol şatlanyp ýaşasyn diýýär,Janyny mazardan alyp galýar+.
31 Diňle, Eýýup, maňa gulak as!
Sabyr et, sözümi dowam edeýin.
32 Aýtjagyň bar bolsa, aýt!
Günäsizdigiňi subut edesim gelýär.
33 Aýdara sözüň bolmasa, meni diňle,Sözümi bölme, öwüt-nesihat bereýin».
Çykgytlar
^ Ýa-da: Öwüt-nesihatyna möhür basýar.
^ Ýa-da: perişde.
^ Başga manysy: Emma peýda görmedim.