Eýýup 39:1—30

39  Dag geçileriniň guzlajak wagtyny bilýärmiň?+ Keýikleriň guzlaýşyny gördüňmi?+   Haçan olaryň aýy⁠-⁠güni dolýar? Guzlajak wagtyny bilýärmiň?   Olar guzlamak üçin ýere çökýär,Burgynyň yzasyndan dynýar.   Owlaklary çölde ulalyp, güýçlenýär.Olar enesini terk edip, yzyna dolanmaýar.   Gulany azatlyga goýberen kim?+Ýüpden boşadan kim?   Men gulana çölleri öý,Şor ýerleri mesgen edip berdim.   Ol şäheriň gohuny halamaýar,Baş öwredýäniň sesini eşitmeýär.   Öri gözläp, depelerde aýlanýar,Dürli⁠-⁠dümen gök otlary agtarýar.   Ýabany öküz saňa hyzmat edermi?+ Ýatagyňda bir gije ýatarmy? 10  Ýabany öküze boýuntyryk dakyp bilermiň?Mellegiňde joýa çekdirip bilermiň?Ýa⁠-⁠da ekin meýdanyňy sürdürip bilermiň? 11  Onuň güýjüne bil baglap bilermiň?Agyr işiňi etdirip bilermiň? 12  Ýabany öküz hasylyňy ýygnarmy?Hasylyňy harmana üýşürermi? 13  Leglegiňki+ ýaly ganaty, owadan peri bolmasa⁠-⁠da,Düýeguş begenip ganat kakmaýarmy? 14  Düýeguş ýumurtgalaryny taşlap gidýär,Olary çäge ýylydýar. 15  Ýumurtgalary aýak astynda ýenjilse⁠-⁠de,Ýabany haýwanlar basgylasa⁠-⁠da,Ol muny unudýar. 16  Balalaryna keseki kimin ýowuz daraşýar+,Zähmetiniň biderek boljakdygyndan gorkmaýar. 17  Sebäbi Hudaý düýeguşa akyl⁠-⁠paýhas,Aň⁠-⁠düşünje bermedi. 18  Ol ganat kakyp ylganda,Atyň we çapyksuwaryň üstünden gülýär. 19  Bedewe güýç⁠-⁠kuwwat berýän senmi?+ Boýnunyň ýalyny* ösdürýän senmi? 20  Senmi ony çekirtge kimin bökdürýän? Kişňände, sesi aýylgançdyr+. 21  Ol ýer peşäp, güýjüne buýsanýar+,Söweş meýdanyna okdurylýar+. 22  Ol gorkyny bilmeýär+,Hiç zatdan heder etmeýär, Gylyçdan hem gaçmaýar. 23  Gün şöhlesine naýza ýalpyldaýar,Ok gaby ata degip zarňyldaýar. 24  Surnaýyň sesine bir ýerde durmaýar*,Keýpi göterilip, öňe okdurylýar. 25  Surnaý çalnanda, ol kişňeýär, Söweş ysyny uzakdan alýar.Serkerdeleriň gohuny, söweş sesini eşidýär+. 26  Laçyna uçmagy sen öwretdiňmi?Günorta barýan ýoly sen görkezdiňmi? 27  Bürgüt seniň buýrugyň bilen göge galýarmy?+Belentlikde höwürtge ýasaýarmy?+ 28  Ol gijesini gaýalarda geçirýär,Daglaryň uçut ýerlerinde* höwürtge ýasaýar. 29  Awuny daglardan gözleýär+,Gözleri awuny uzakdan görýär. 30  Balasy gan içýär,Nirede maslyk bolsa, ol şol ýere barýar»+.

Çykgytlar

Ýa-da: ösgün gylyny.
Başga manysy: sesini eşidip, gulagyna ynanmaýar.
Sözme-söz: dişlerinde.