Eýýup 7:1—21
7 Başy ölümli ynsanyň ömri agyr zähmet bilen geçýär,Onuň günleri günlükçiniň güzerany ýalydyr+.
2 Ol kölegäni küýseýän gul kimindir,Hakyna garaşýan günlükçi ýalydyr+.
3 Ençeme aý bäri ömrüm manysyz geçýär,Gijelerim sütem içinde ötýär+.
4 Düşegime geçenimde: „Haçan daň atar?“ diýýärin+,
Gijesi bilen iki ýana urnup, daňymy atyrýaryn.
5 Tenim gurtlady, gara guma garyldym+,Endamym iriňli, kesmekli ýaralardan doldy+.
6 Günlerim dokmaçynyň daragyndan* çalt geçýär+,Umytsyz ötüp barýar+.
7 Ömrüm şemal kimin geçip barýar+,Ýagşylyga gözüm düşmeýär.
8 Meni görýän gözler indi görmez,Gözleriň meni gözlär, ýöne tapmaz+.
9 Buludyň dagap, ýitirim bolşy deý,Mazara* inen adam yzyna dolanmaz+.
10 Ol gaýdyp öýüne gelmez,Goňşy-golamy unudar+.
11 Indi men dymjak däl,
Janym ýanýar, geplejek,Derdim agyr, içimi dökjek+.
12 Maňa sakçy goýar ýaly,Men deňizmi ýa läheň balykmy?
13 „Düşegime geçsem, teselli taparyn,Ýatsam, derdim ýeňlär“ diýenimde,
14 Meni düýşler bilen gorkuzýarsyň,Görnüşler* arkaly howsala salýarsyň.
15 Şonda asylyp* ölesim gelýär,Şeýle ýaşanymdan ölenim gowy+.
16 Janymdan doýdum+, indi ýaşasym gelenok,
Maňa degme, sebäbi ömrüm bir dem kimindir+.
17 Başy ölümli ynsan kimmişin, aladasyny eder ýaly,Oňa nazar salaryň ýaly?+
18 Her säher ony synlaýarsyň,Her pursat ony synaýarsyň+.
19 Menden gözüňi sowjak dälmi?Tüýküligimi ýuwudara maý berjek dälmi?+
20 Eý ynsan Gözegçisi+, günä etsem, saňa näme zyýany bar?
Meni näme üçin nyşana aldyň?
Saňa ýük boldummy?
21 Näme üçin ýazyklarymy bagyşlap,Günämi geçmeýärsiň?
Indi topraga öwrülerin+,Meni agtararsyň, ýöne tapmarsyň».