Hagaý 1:1—15
1 Dariý patyşanyň hökümdarlygynyň ikinji ýylynyň altynjy aýynyň birine Ýehowa Hagaý*+ pygamberiň üsti bilen Ýahudanyň häkimi Şehalteliň ogly Zerubabele+ we Ýehosadygyň ogly baş ruhany Ýuşa şeýle diýdi:
2 «Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Halk Ýehowanyň öýüni gurmagyň* wagty däl diýýär“»+.
3 Soňra Ýehowa Hagaý pygamber+ arkaly şeýle sözleri hem aýtdy:
4 «Meniň öýüm haraba bolup ýatyrka+, siz kaşaň jaýlarda ýaşaýaňyzmy?
5 Şonuň üçin Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Bolşuňyz hakda gowy oýlanyň.
6 Siz köp ekip, az hasyl alýarsyňyz+, iýip doýmaýarsyňyz, içip ganmaýarsyňyz, geýinýärsiňiz, ýöne ýylynmaýarsyňyz, işçiniň gazanjy düýbi deşik torba düşen ýaly“.
7 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Bolşuňyz hakda gowy oýlanyň“.
8 Ýehowa: „Daga gidiň-de, agaç getiriň+, meniň öýümi guruň+. Şonda men begenerin, şöhratlanaryn“+ diýýär.
9 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Siz köp hasyla garaşdyňyz, ýöne az hasyl aldyňyz. Hasyly ammaryňyza getireniňizde, men demim bilen üfläp ýok etdim+. Bilýäňizmi näme üçin? Meniň öýüm haraba bolup ýatyrka, siziň ähliňiz öz hojalygyňyz bilen başagaýdyňyz+.
10 Şol sebäpli asman ýagyş, toprak hasyl bermedi.
11 Men topraga we daglara gurakçylyk inderdim. Şol sebäpli gallaňyz, täze şerabyňyz, zeýtun ýagyňyz hem-de topragyň hasyly ýetmezçilik edýär. Çekýän zähmetiňiziň hözirini görmeýärsiňiz. Adamlar we haýwanlar kösenýär“».
12 Şehalteliň+ ogly Zerubabel+, Ýehosadygyň+ ogly baş ruhany Ýuşa we halkyň aman galanlary Ýehowa Hudaýyň sözüne, Ýehowa Hudaýyň iberen Hagaý pygamberiniň aýdanlaryna gulak asdylar. Olar Ýehowadan gorkdular.
13 Ýehowanyň habarçysy Hagaý Ýehowanyň aýdan sözlerini halka ýetirdi: «Ýehowa şeýle diýýär: „Men siziň bilendirin!“»+.
14 Ýehowa Ýahudanyň häkimi+ Şehalteliň ogly Zerubabeli, Ýehosadygyň ogly baş ruhany Ýuşany+ we halkyň aman galanlaryny ruhlandyrdy+. Olar gelip, Serkerdebaşy Ýehowa Hudaýyň öýüni gurmaga başladylar+.
15 Olar gurluşyga Dariý patyşanyň hökümdarlygynyň ikinji ýylynyň altynjy aýynyň 24-ne başladylar+.