Hagaý 2:1—23

  • Öýüň soňky şöhraty has⁠-⁠da arşa galar (1—9)

    • Ähli milletleri sarsdyraryn (7)

    • Ähli halklaryň dürdänelerini jemlärin (7)

  • Hudaýyň öýi dikeldilýär, bereket ýagýar (10—19)

    • Mukaddeslik geçmeýär (10—14)

  • Zerubabel üçin habar (20—23)

    • «Seni möhürli ýüzügim ederin» (23)

2  Ýedinji aýyň 21⁠-⁠ne Ýehowa Hagaý pygamber+ arkaly şeýle diýdi:  «Ýahudanyň häkimi+ Şehalteliň ogly Zerubabelden+, Ýehosadygyň+ ogly baş ruhany Ýuşadan+ we aman galan halkdan sora:  „Araňyzda ybadathananyň öňki şöhratyny görenlerden kim bar?+ Ybadathananyň häzirki ýagdaýyny görýäňizmi? Öňki şöhratyndan nam⁠-⁠nyşan galmandyr“+.  Ýehowa şeýle diýýär: „Zerubabel, mert bol! Ýehosadygyň ogly baş ruhany Ýuşa, mert bol!“ Ýehowa şeýle diýýär: „Aman galan halk, mert boluň+, işe başlaň!“ Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Men siziň bilendirin!+  Gorkmaň, Müsürden çykanyňyzda beren wadamy ýatlaň+. Men ruhum bilen+ ýol görkezerin“*+.  Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Men az salymdan gögi we ýeri, deňzi hem gury ýeri ýene bir gezek sarsdyraryn“+.  Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Men ähli milletleri sarsdyraryn, ähli halklaryň dürdänelerini* jemlärin+. Men öýümi şan⁠-⁠şöhratdan dolduraryn“+.  Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Kümüş⁠-⁠de, altyn⁠-⁠da meniňkidir“.  Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Öýüň soňky şöhraty öňküsinden has⁠-⁠da arşa galar“+. Serkerdebaşy Ýehowa yglan edýär: „Ybadathanamda parahatlyk bolar“»+. 10  Dariý patyşanyň hökümdarlygynyň ikinji ýylynyň dokuzynjy aýynyň 24⁠-⁠ne Ýehowa Hagaý+ pygambere şeýle diýdi: 11  «Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Ruhanylardan kanun hakda sora+: 12  „Eger bir adam eşiginiň etegine mukaddes eti salyp äkidende, onuň eşigi çörege, çorba, şeraba, ýaga ýa⁠-⁠da başga bir zada degse, olar mukaddes bolarmy?“» Ruhanylar: «Ýok!» diýip jogap berdiler. 13  Hagaý sözüni dowam etdi: «Eger jesede degip, haram bolan adam şol zatlaryň birine elini degirse, olar hem haram bolarmy?»+ Ruhanylar: «Hawa, olar haram bolar!» diýdiler. 14  Şonda Hagaý şeýle diýdi: «Ýehowa şeýle diýýär: „Halk hem, tutuş millet hem meniň öňümde şeýledir. Olaryň edýän ähli işleri⁠-⁠de şeýledir, şonuň üçin olaryň sadakalary hem haramdyr“. 15  „Şu günden beýläk oýlanyň: Ýehowanyň ybadathanasynda daşyň üstüne daş goýulmanka+, 16  ýagdaý nähili bolupdy? Biri 20 çuwal galla ýygnamaga gelende, ol 10 çuwal galla aldy. Ol şeraply çelekden 50 küýze şerap aljak bolanda, diňe 20 küýze aldy“+. 17  Ýehowa şeýle diýýär: „Men hasylyň üstüne gyzgyn şemal öwüsdirdim+, heň* we jöwenek* bilen zaýaladym. Emma siz şonda⁠-⁠da maňa tarap öwrülmediňiz“. 18  „Bu gün dokuzynjy aýyň 24⁠-⁠i, Ýehowanyň ybadathanasynyň düýbüniň tutulan günüdir+. Şu günden beýläk gowy oýlanyň. Pikir ediň: 19  ammarlarda däne galdymy?+ Üzüm, injir, nar we zeýtun agaçlary miwe berdimi? Men size şu günden beýläk bereket ýagdyraryn“»+. 20  Aýyň 24⁠-⁠ne Ýehowa Hagaý bilen ikinji gezek gepleşdi+: 21  «Ýahudanyň häkimi Zerubabele aýt: „Men ýeri we gögi titrederin+. 22  Patyşalaryň tagtyny agdararyn, milletleriň şalyklarynyň güýjüni ýok ederin+. Söweş arabalaryny we ony sürýänleri agdararyn, atlary ýykaryn, çapyksuwarlar doganynyň elinden öler“+. 23  Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Eý gulum, Şehalteliň ogly Zerubabel!+ Şol gün seni çagyraryn“. Ýehowa: „Seni möhürli ýüzügim ederin“ diýýär. Serkerdebaşy Ýehowa: „Sen meniň saýlanym!“ diýýär».

Çykgytlar

Başga manysy: Meniň ruhum araňyzdady.
Ýa⁠-⁠da: genji⁠-⁠hazynalaryny.
Ýa⁠-⁠da: doly; buz.
Ýa⁠-⁠da: pilis.