Hoşeýa 1:1—11
1 Ýahuda patyşalary+ Uzyýanyň+, Ýotamyň+, Ahazyň+, Hizkiýanyň+ we Ysraýyl patyşasy Ýowaşyň+ ogly Ýerobgamyň+ döwründe Ýehowa Beýeriň ogly Hoşeýa* bilen gepleşdi.
2 Ýehowa habaryny Hoşeýa arkaly yglan etdi. Ýehowa oňa: «Git-de, öýlen. Seniň aýalyň zyna edip, ogul-gyz dograr. Sebäbi bütin halk ahlaksyz aýal ýaly, Ýehowa biwepalyk etdi»+ diýdi.
3 Hoşeýa gidip, Diblaýymyň gyzy Gomere öýlendi. Ol göwreli bolup, Hoşeýa bir ogul dogrup berdi.
4 Ýehowa Hoşeýa şeýle diýdi: «Onuň adyna Ýizregel* dak. Sebäbi men tizden Ýizregeliň gany üçin Ýehuwyň+ öýünden hasabat soraryn, Ysraýyl öýüniň hökümdarlygynyň soňuna çykaryn+.
5 Şol gün Ýizregel jülgesinde Ysraýylyň ýaýyny döwerin».
6 Gomer ýene göwreli bolup, bir gyz dogurdy. Şonda Alla Hoşeýa şeýle diýdi: «Gyzyň adyna Loruhama* dak, sebäbi men Ysraýyl öýüne rehim etmerin+, olary sürgün ederin+.
7 Men Ýahuda+ öýüne rehim ederin. Olaryň Hudaýy men, Ýehowa, halkymy halas ederin+, ýöne ýaý, gylyç, goşun*, atlar we atlylar bilen halas etmerin»+.
8 Gomer Loruhamany süýtden aýrandan soň, ýene-de göwreli bolup, bir ogul dogurdy.
9 Hudaý şeýle diýdi: «Adyna Logam* dak, sebäbi siz meniň halkym bolmarsyňyz, menem siziň Hudaýyňyz bolmaryn.
10 Ysraýyl ogullary deňiz ýakasyndaky çäge ýaly sansyz-sajaksyz bolar+. Size: „Meniň halkym däl“+ diýipdim, indi size: „Biribaryň ogullary“+ diýerin.
11 Ýahuda hem ysraýyl halky agzybirlikde jem bolar+. Olar bir ýolbaşçy saýlap, watanyna dolanarlar. Şol gün Ýizregel+ üçin beýik gün bolar.
Çykgytlar
^ «Hoşaýar» adynyň gysga görnüşi. Manysy: Ýahyň halas edeni; Ýah halas etdi.
^ Manysy: Hudaý tohum seper.
^ Manysy: Rehim edilmedik.
^ Ýa-da: söweş; uruş.
^ Manysy: Meniň halkym däl.