Hoşeýa 10:1—15

  • Ysraýyl, ýabany üzüm agajy ýok ediler (1—15)

    • Zalymlygy ekip, adalatsyzlygy orduňyz (12, 13)

10  «Ysraýyl ýabany* üzüm agajy ýaly bol miwe bererdi+. Miwe berdigi saýyn, köp gurbanlyk ojagyny* gurdy+.Topragy mes boldugy saýyn, keramatly sütünleri dikdi+.   Olar ikiýüzlüdir,Indi olaryň aýyby açylar. Gurbanlyk ojaklary, keramatly sütünleri ýykylar.   Halk diýer: „Biz Ýehowadan gorkmadyk, Şonuň üçin patyşamyz hem ýok+.Patyşamyz bolsa⁠-⁠da, ondan ne peýda?“   Olar boş sözleri aýdýarlar,Ýalandan ant içip+ äht baglaşýarlar.Adalatsyz hökümleri mellekde ösýän zäherli ot kimindir+.   Beýtaweniň göle butuna näme bolarka diýipSamariýanyň ilaty gorkar+. Halk onuň üçin ýas tutar,Göle butuna buýsanýan ruhanylar⁠-⁠da aglarlar.Sebäbi göle buty sürgün ediler.   Ony Assiriýa äkidip, beýik patyşa+ sowgat bererler. Efraýym masgara bolar.Ysraýyl boş sözlere gulak asyp, utanja galar+.   Samariýa we onuň patyşasy,Suwa gaçan çöp ýaly gözden gaýyp bolar*+.   Ysraýyly günä iteren+Beýtaweniň+ seždegähleri* ýok ediler+. Gurbanlyk ojaklaryny+ ýandak bilen tikenek basar. Halk daglara: „Üstümize ýykylyň!“ Depelere: „Bizi gizläň!“ diýerler+.   Ysraýyl, sen Gibeýanyň günlerinden bäri günä edýärsiň+. Olar erbet işlerinden el çekmediler. Hatda gylyç hem Gibeýanyň zalym halkynyKöki⁠-⁠damary bilen ýok edip bilmedi. 10  Men islän wagtym olara jeza bererin. Olaryň iki günäsini hemBoýnuna boýuntyryk edip salaryn,Halklar olara garşy çykarlar. 11  Efraýym baş öwredilen,Harman döwmegi halaýan sygyr* kimindi. Men oňa boýuntyryk salmaga dözmedim. Indi Efraýyma agyzzyryk salaryn+,Ýahuda ýer sürdürerin, Ýakuba ýer tekizlederin. 12  Dogruçyllyk tohumyny ekiň, wepaly söýgini* oruň. Wagt barka, Ýehowany gözläň+,Ol gelip, dogruçyllygy öwredýänçä+,Ekin meýdanyňyzy sürüň+. 13  Emma siz zalymlygy ekip,Adalatsyzlygy orduňyz+.Ýalanyň miwesini iýdiňiz.Siz özüňize bil baglap,Pälwanlaryň köplügine buýsandyňyz. 14  Şalmanyň Arbel öýüni talaýşy ýaly,Söweş güni eneleriň çagalary bilen parçalanyşy ýaly,Esgerler gygyryşyp halkyňyza hüjüm ederler.Ähli galalaryňyz derbi⁠-⁠dagyn bolar»+. 15  Eý Beýtel, zalymlygyň köplügi üçin,Senem şeýle güne düşersiň+. Daň atanda, Ysraýyl patyşasy ýok ediler*+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Başga manysy: gür şahaly.
Sözme⁠-⁠söz: dymdyrylar.
Sözlüge serediň.
Ýagny bogaz bolmadyk sygyr.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: dymdyrylar.