Hoşeýa 12:1—14
12 «Efraýym ýel bilen garnyny doýurjak bolýar,
Günuzyn gündogar şemalynyň yzyndan kowýar.
Ol ýalan ýagdyrýar, zalym işleri edýär.
Assiriýa+ bilen äht baglaşýar, Müsüre+ ýag iberýär.
2 Ýehowanyň Ýahuda bilen dawasy bar+,Ýakubyň eden işleri üçin hasabat sorar,Ýazyklaryna görä temmi berer+.
3 Ol enesiniň göwresindekä, doganynyň ökjesinden tutdy+,Bar güýjüni jemläp, Hudaý bilen göreşdi+.
4 Ol perişde bilen göreşip, ony ýeňdi.
Ol zaryn-zaryn aglady, bereket sorap ýalbardy»+.
Hudaý oňa Beýtelde duşdy, biz hakda gürrüň açdy+.
5 Ýehowa Serkerdebaşydyr+,Ýehowa ady bilen tanalýandyr+.
6 «Hudaýyňa dolan+,Wepaly* we adalatly bol+.Hemişe Alla umyt bagla.
7 Täjiriň kem çekýän terezisi bar,Ol ýalan sözlemegi gowy görýär+.
8 Efraýym diýýär: „Men baýadym+,Genji-hazyna topladym+.Der döküp zähmet çekdim,Menden hiç hili ýazyk tapmazlar“.
9 Müsürden çykanyňdan bäri,Men seniň Hudaýyň Ýehowadyryn+.
Baýram günlerinde* bolşy ýaly,Seni ýene-de çadyrda ýaşadaryn.
10 Men pygamberler+ bilen gürleşdim,Köp görnüşleri* berdim.Pygamberler arkaly köp mysallary gürrüň berdim.
11 Gileadda jadygöýlik edýärler+, ýalan sözleýärler.
Gilgalda öküzleri gurbanlyk berýärler+,Olaryň gurbanlyk ojaklary*
Ekin meýdanda üýşürilen daşlara meňzeýär+.
12 Ýakup Arama* gaçyp gitdi+,Ysraýyl+ galyň tölemek üçin hyzmat etdi+.Öýlenmek üçin goýun bakdy+.
13 Ýehowa pygamberi arkaly Ysraýyly Müsürden çykardy+,Pygamberi arkaly olary gorady+.
14 Efraýym Allanyň göwnüne degdi+,Döken gany öz boýnuna bolar,Ol Hojaýynyna ysnat getirendigi üçin jezasyny çeker»+.