Hoşeýa 13:1—16

  • Butparaz Efraýym Ýehowany unutdy (1—16)

    • «Eý ölüm, hany seniň zäheriň?» (14)

13  «Efraýym geplände, halk sandyraýardy.Ol Ysraýylda atly⁠-⁠abraýlydy+. Emma Bagala sežde edip+, günä gazandy,Ömür tanapy kesildi.   Olar günä üstüne günä edýärler.Kümüşden guýma butlary ýasaýarlar+.Butlar ussatlyk bilen ýasalýar, ählisi ussanyň işidir. Olar: „Gurbanlyk berýänler göleleri öpsün“+ diýýärler.   Şonuň üçin olar säher çagyndaky ümür kimin,Tiz ýok bolýan çyg kimin,Harmanda sowrulýan saman kimin,Tüýnükden çykýan tüsse ýaly bolarlar.   Müsürden çykanyňdan bäri,Men seniň Hudaýyň Ýehowadyryn+.Menden başga Hudaýy tanamadyň.Menden başga halasgäriň ýokdugyny bilýärdiň+.   Çölde, takyrlykda saňa göz⁠-⁠gulak boldum+.   Olar topragyň bol hasylyndan doýdular+,Garynlaryny doýrup, tekepbirlik etdiler. Soňra meni unutdylar+.   Men olar üçin arslan ýaly+,Ýolda peýläp ýatan alajabars kimin bolaryn.   Çagasyndan aýra düşen aýy kimin üstlerine topularyn,Olaryň döşüni ýararyn. Şir kimin ýalmap ýuwudaryn.Olary wagşy haýwan tüýt⁠-⁠müýt eder.   Eý Ysraýyl, sen ýok edilersiň,Sebäbi sen maňa, hemaýatkäriňe garşy çykdyň. 10  Hany seniň patyşaň?Goý, seni şäherleriň bilen halas etsin+.Hany seniň hökümdaryň?Sen: „Maňa patyşa, han⁠-⁠begleri ber“+ diýipdiň. 11  Gaharym gelip, saňa patyşa beripdim+.Indi gazap bilen ony senden alaryn+. 12  Efraýymyň etmişi baglanyp goýuldy,Günäsi möhürlenip goýuldy. 13  Onuň burgusy tutar. Emma ol akylsyz oguldyr,Dünýä inmeli wagty gelende, ýatgydan çykmak islemez. 14  Men ony mazardan* halas ederin.Ölüm penjesinden gutararyn+. Eý ölüm, hany seniň zäheriň?+ Eý doýmaz⁠-⁠dolmaz mazar, hany seniň güýjüň?+ Men oňa rehim etmerin. 15  Ol gamyşlaryň arasynda pajarlap össe⁠-⁠de,Çölden gündogar şemaly, Ýehowanyň şemaly gelip,Guýularyny guradar, çeşmesiniň suwuny keser, Hazynasynda duran şaý⁠-⁠seplerini talar+. 16  Samariýa Hudaýyna garşy gozgalaň turzup, günä etdi+. Ol gylyçdan geçiriler+.Çagalaryny bölek⁠-⁠bölek ederler,Göwreli aýallarynyň garnyny ýararlar».

Çykgytlar

Sözlüge serediň.