Hoşeýa 14:1—9

  • Ýehowa dolan (1—3)

    • Agzymyzdan çykýan alkyş sözleri (2)

  • Biwepa ysraýyllary sagaldaryn (4—9)

14  «Eý Ysraýyl, Ýehowa Hudaýyňa dolan+,Siz günäleriňiz sebäpli büdrediňiz.   Ýehowa dolanyp, şu sözleri aýdyň:„Günälerimizi bagyşla+, gurbanlyklarymyzy kabul et.Agzymyzdan çykýan alkyş sözleriGurbanlyk berilýän öküzçeler kimin bolsun*+.   Bizi Assiriýa halas etmez+, Gaýdyp at üstüne çykmarys+.Indi ýasalan zada: „Hudaý!“ diýmeris.Sebäbi diňe sen ýetime rehim edýärsiň“+.   Men olary sagaldaryn+, indi maňa biwepalyk etmezler. Olary ýürekden söýerin+.Sebäbi meniň gaharym köşeşdi+.   Men Ysraýyl üçin çyg kimin bolaryn.Ol çigildem deý gül açar,Liwanyň agaçlary kimin kök urar.   Onuň şahalary ýaýrar,Owadanlygy zeýtun agajy kimin bolar.Liwanyň agaçlary kimin atyr ysy bark urar.   Halkym meniň saýamda ýaşar. Olar bugdaý ýetişdirerler,Üzüm agajy ýaly pajarlap öserler+. Meniň şöhratym Liwanyň şeraby kimin bolar.   Efraýym: „Men butlary başyma ýapaýynmy?“+ diýer. Men olary diňlärin, olaryň aladasyny ederin+, Al⁠-⁠ýaşyl öwüsýän arça kimin bolaryn. Olara miwe bererin».   Araňyzda akyldar barmy? Goý, muňa düşünsin. Araňyzda paýhasly barmy? Goý, muny bilsin. Sebäbi Ýehowanyň ýollary dogrudyr+,Dogruçyllar ýollaryndan ýörär,Günäkärler bolsa büdrär.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Dodaklaryň öküzçelerini saňa gurbanlyk bereris.