Hoşeýa 3:1—5

  • Hoşeýa aýalyny satyn alýar (1—3)

  • Ysraýyl Ýehowa dolanýar (4, 5)

3  Soňra Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Ysraýyl halky başga taňrylara sežde etse⁠-⁠de+, kişmiş kökeleri* gowy görse⁠-⁠de, Ýehowa halkyny söýýär+. Aýalyň oýnaşy bolsa⁠-⁠da, zyna etse⁠-⁠de+, senem ony söý».  Şonda men ony 15 kümşe we bir ýarym ganar* arpa satyn aldym.  Men oňa: «Biz bir düşekde ýatmarys, ýöne sen ahlaksyzlyk etmersiň. Başga erkek bilen ýatmarsyň. Indiden beýläk* diňe meniň aýalym bolarsyň» diýdim.  Sebäbi ysraýyl halkynyň hem uzak wagtlap ne patyşasy+, ne han⁠-⁠begleri, ne gurbanlyklary, ne sütüni, ne öňlügi*+, ne⁠-⁠de maşgala butlary*+ bolar.  Soňky günlerde ysraýyl halky Ýehowa Hudaýyny+ we Dawut patyşasyny+ gözläp, yzyna dolanar. Olar Ýehowanyň berekedini almak üçin gorkudan ýaňa titräp, onuň huzuryna gelerler+.

Çykgytlar

Ýagny ýalan taňrylar üçin bişirilýän külçe.
Ýa⁠-⁠da: Uzak wagtlap.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.