Hoşeýa 5:1—15

  • Efraýym we Ýahuda höküm edilýär (1—15)

5  «Eý ruhanylar, diňläň!+Ysraýyl öýi, eşitdim⁠-⁠eşitmedim diýmäň!Patyşanyň köşgündäkiler, gulak asyň!Siz Mispada gurlan duzak,Taboryň+ üstüne atylan tor bolduňyz.Şonuň üçinem höküm edilersiňiz.   Gozgalaňçylar köp gan dökdüler.Men olara duýdurypdym.   Men Efraýymy tanaýaryn.Ysraýyl menden gizlenip bilmez. Efraýym, sen zyna etdiň.Ysraýyl öz⁠-⁠özüni haram etdi+.   Olar edýän işleri üçin Hudaýa dolanyp bilmeýärler.Sebäbi olaryň pikiri ahlaksyzlykdan doly+.Olar Ýehowany tanamaýarlar.   Tekepbir ysraýyl öz aýybyny özi açdy+.Ysraýyl we Efraýym günä edip büdrediler,Ýahuda hem olar bilen bile ýykyldy+.   Olar mal⁠-⁠garasyny alyp, Ýehowany gözlediler,Ýöne tapyp bilmediler. Hudaý olary taşlap gitdi+.   Olar keseki* çagalaryň atasy bolup,Ýehowa dönüklik etdiler+. Olar bir aýyň içinde mülki bilen bile ýok bolarlar.   Gibeýada we Ramada+ söweş surnaýyny çalyň!+ „Benýamin, yzyňdan gideris!“ diýip,Beýtawende+ gygyrsynlar.   Eý Efraýym, höküm güni gorkunç ýagdaýa düşersiň+. Men boljak zatlary ysraýyl taýpalaryna aýdaryn. 10  Ýahudanyň hanlary araçägini süýşürýän adama meňzeýär+. Gaharymy suw kimin olaryň üstüne dökerin. 11  Efraýym ezildi, hökümden ýaňa ýer bilen ýegsan edildi.Sebäbi ol duşmanynyň yzyna düşmegi ýüregine düwdi+. 12  Men Efraýyma güýe düşürdim,Ýahuda öýüni çüýretdim. 13  Efraýym kesellände, Ýahuda ýara çykanda,Efraýym Assiriýa+ gitdi,Çaparyny beýik patyşanyň ýanyna ýollady. Emma ol seni sagaldyp bilmedi,Derdiňe derman bolmady. 14  Men Efraýym üçin şir kimin,Ýahuda üçin güýçli arslan kimin bolaryn. Olary parça⁠-⁠parça edip alyp giderin+,Hiç kim olary halas edip bilmez+. 15  Men mekanyma giderin,Olar jezasyny çekýänçä dolanmaryn. Şonda olar rehim etmegimi sorarlar+.Agyr günlerinde meni agtararlar»+.

Çykgytlar

Belki, başga milletli aýaldan doglan Hudaýy tanamaýan çagalar.