Hoşeýa 7:1—16

  • Efraýymyň erbet işleri (1—16)

    • Hudaý olaryň üstüne tor atar (12)

7  «Her sapar Ysraýyly sagaltjak bolanymda,Efraýymyň günäsi,Samariýanyň erbet işleri äşgär bolýar+. Hilegärlige ýüz urýarlar+,Ogrular öýleri talaýar,Garakçylar köçelerde talaňçylyk edýär+.   Men olaryň ähli erbet işlerini ýada salaryn,Ýöne olar muňa düşünmeýärler+. Olaryň edýän işleri açyk⁠-⁠aýdyň*,Meniň gözümiň alnynda.   Olar erbet işleri bilen patyşanyň,Hilegärlik bilen han⁠-⁠begleriň göwnüni göterýärler.   Olaryň ählisi zynahor,Gyzdyrylan tamdyr kimindir.Hamyr ajaýança, çörekçi ody gorjaýan däldir.   Patyşanyň baýram günündeHanlar şerapdan serhoş bolup+,Gahar⁠-⁠gazaba mündüler, ýarawsyz hala düşdüler. Patyşa hem ýaňsylaýjylar bilen dostlaşdy.   Olaryň erbetlikden doly ýüregi* otly tamdyr kimindir. Çörekçi bütin gije ýatsa⁠-⁠da,Daňdan hem tamdyrda ot lowlap ýanýandyr.   Hemmesi tamdyr kimin gyzdylar,Han⁠-⁠beglerini* ýalmap ýuwutdylar. Ähli patyşalary ýykyldy+.Olaryň hiç biri meni çagyrmady+.   Efraýym halklar bilen garyşyp gitdi+. Efraýym bir tarapy bişmedik külçe ýalydyr.   Kesekiler güýjüni alsa⁠-⁠da+, ol bilmedi. Başy çuw ak bolsa⁠-⁠da, hiç zada düşünmedi. 10  Tekepbir Ysraýyl öz aýybyny özi açdy+,Emma Ýehowa Hudaýyna dolanmady+,Başyna gelen ähli zady görüp⁠-⁠de, Hudaýy gözlemedi. 11  Efraýym akylsyz, düşünjesiz kepderi kimindir+. Olar Müsüre ýalbardy+, Assiriýadan kömek sorady+. 12  Olar nirä gitseler⁠-⁠de, üstlerine tor ataryn. Asman guşlary kimin tutaryn. Men halka aýdan jezamy bererin+. 13  Olar menden gaçdylar, waý olaryň halyna! Maňa garşy günä etdiler, goý, indi gyrylsynlar! Olary halas etjekdim, emma men hakda ýalan ýaýratdylar+. 14  Olar düşeginde zar⁠-⁠zar agladylar,Ýöne meni ýürekden çagyrmadylar+. Bugdaý we täze şerap diläp, bedenine ýara saldylar.Menden ýüz öwürdiler. 15  Men olary terbiýeledim, goluna güýç⁠-⁠kuwwat berdim.Olar hile gurup, maňa garşy çykdylar. 16  Olar ýoluny üýtgetdiler, ýöne Hudaýa dolanmadylar.Olar kirşi gowşan ýaý kimin derde ýaraýan däldirler+. Han⁠-⁠begler ajy dilleri sebäpli gylyçdan geçiriler. Müsür ýurdunda gülki bolarlar»+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: Olary eden işleri gurşady.
Başga manysy: Olaryň ýüregi oý⁠-⁠pikirlerinden ýaňa.
Sözme⁠-⁠söz: Kazylaryny.