Hoşeýa 8:1—14

  • Butparazlaryň hasyly (1—14)

    • Olar şemal ekip, apy⁠-⁠tupan orýarlar (7)

    • Ysraýyl Ýaradanyny unutdy (14)

8  «Surnaý çalyň!+ Duşman Ýehowanyň öýüne bürgüt kimin inýär+.Sebäbi meniň halkym ähtimi, kanunymy bozdy+.   Halkym: „Hudaýym, seni tanaýarys“+ diýip gygyrýar.   Ysraýyl ýagşylykdan ýüz öwürdi+. Goý, indi ony duşman yzarlasyn.   Menden soraman patyşa bellediler. Menden rugsatsyz han⁠-⁠begleri goýdular. Altyn⁠-⁠kümüşden butlar ýasap+,Başyna bela satyn aldylar+.   Eý Samariýa, ýasan göle butuňy kül⁠-⁠owram ederin+. Olara garşy gaharym lowlaýar+. Olar haçana çenli günäden tämizlenmän ýörerler?   Ol Ysraýylyň işidir. Ussanyň ýasan buty Hudaý däldir.Samariýanyň ýasan göle butuny kül⁠-⁠owram ederin.   Olar şemal ekeni üçin,Apy⁠-⁠tupan orýarlar+. Bugdaý baş çykarmaz+.Sümmülden un alynmaz. Alynaýsa⁠-⁠da, kesekiler ýalmap ýuwudar+.   Ysraýyly weýran ederler+, Olar halklaryň arasynda+Dereksiz küýze kimin bolarlar.   Olar ýeke gezýän gulan kimin Assiriýa+ gitdi. Efraýym hak töläp, ahlaksyz aýallar bilen ýatdy+. 10  Olar hak töläp, başga milletli ahlaksyz aýallar bilen ýatdy,Indi men olary bir ýere ýygnaryn.Olar patyşanyň, han⁠-⁠begleriň agyr ýükünden ezilerler+. 11  Efraýym gurbanlyk ojaklaryny* köpeldip, günä etdi+. Gurbanlyk ojaklary günä batyrdy+. 12  Halkyma köp kanunlary berdim.Emma olar äsgermezçilik etdiler+. 13  Maňa gurbanlyk berip, etini özleri iýdiler.Ýehowa olardan razy däldir+. Indi Alla ýazyklaryny ýatlar, günäleri üçin jeza berer+. Olar Müsüre dolandylar*+. 14  Ysraýyl Ýaradanyny unutdy+, buthanalary gurdy+.Ýahuda ençeme galalary gurdy+. Men olaryň şäherlerini oda ýakaryn.Diňlerini ýakyp kül ederin»+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Başga manysy: dolanarlar.