Hoşeýa 9:1—17

  • Efraýym ahlaksyzlyk edip, Hudaýdan daşlaşýar (1—17)

    • Özlerini ýigrenji taňra bagyş etdiler (10)

9  «Ysraýyl halky, begenme!+Milletler ýaly çapak çalma! Sen ahlaksyzlyk edip, Hudaýyňdan daşlaşdyň+. Her harmanda zyna edip alan hakyňa guwandyň+.   Olaryň harmany, üzüm sykylýan çukurlary boşap galar,Täze şeraby hem bolmaz+.   Olar Ýehowanyň ýurdunda ýaşamaz+.Efraýym Müsüre dolanar,Assiriýada haram zatlary iýer+.   Olar Ýehowa şerap sadakalaryny hödürlemez+.Gurbanlyklary onuň göwnünden turmaz+, Olar ýas çöregi ýaly bolar.Ony iýenleriň hemmesi haram bolar. Olaryň çöregi özleri üçindir,Ýehowanyň öýüne getirilmez.   Sen ýygnak güni näme edersiň?Ýehowanyň baýram güni näme işlärsiň?   Olar heläkçilikden başyny gutarmak üçin gaçarlar+, Müsür olary ele salar+, Memfis olary jaýlar+. Kümüşden ýasalan gymmatbaha zatlarynyHaşal otlar basar,Çadyrlarynda tikenekler biter.   Hasabat bermeli günleriň geler,Höküm günleriň başyňa iner+.Şonda Ysraýyl muňa göz ýetirer, Pygamberiň, weliniň* akmaklygy belli bolar,Sebäbi siz köp günä etdiňiz,Daş⁠-⁠töweregiňiz duşmandan doldy».   Efraýymyň garawuly+ Hudaýa wepalydy+. Indi pygamberleriniň ýollary+ awçynyň duzagy kimindir.Allanyň öýi dawa⁠-⁠jenjelden doldy.   Ysraýyllar gibeýalylar ýaly azgynçylyga batdylar+. Hudaý olaryň ýazyklaryny ýatlar, günäleri üçin jeza berer+. 10  «Ysraýyl çölde biten üzüm agajy ýalydy+. Olaryň ata⁠-⁠babalary injiriň ilkinji hasyly kimindi. Emma olar Pegor Bagalynyň+ ýanyna gitdiler,Özlerini ýigrenji taňra bagyş etdiler+,Sežde edýän buty ýaly ýigrenji boldular. 11  Efraýymyň şöhraty guş kimin uçup gitdi,Aýallary ne göwreli boldy, ne⁠-⁠de çaga dogurdy+. 12  Oglan⁠-⁠uşagyny kemala getirse⁠-⁠de,Men birine⁠-⁠de rehim etmän, ählisini gyraryn+.Olardan ýüz öwren günüm dady⁠-⁠perýat ederler+. 13  Sähralykda ekilen Efraýym meniň üçin Tir+ ýalydy,Indi bolsa Efraýymyň ogullarynyň damagy çalnar». 14  Eý Ýehowa, olara etmişine görä temmi ber.Goý, olaryň çagasy düşsün, göwsünde süýt bolmasyn. 15  «Gilgalda+ erbet işleri etdiler, şonda men olary ýigrendim. Indi men olary söýmerin+,Zalym işleri sebäpli öýümden kowaryn+. Olaryň ähli han⁠-⁠begleri kesirdir. 16  Efraýymy ýykan⁠-⁠ýumran ederin+. Olaryň köküni guradaryn, gaýdyp miwe bermezler. Hatda çaga dogursalar⁠-⁠da, eziz balalaryny öldürerin». 17  Meniň Hudaýym olardan ýüz öwrer,Sebäbi halk Hudaýy diňlemedi+,Olar milletler arasynda gaçgak bolup ýaşarlar+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.