Işaýa 11:1—16

  • Ýessäniň şahasy adalatly höküm sürer (1—10)

    • Möjek guzy bilen ýaşar (6)

    • Ýer ýüzi Ýehowa hakdaky bilimden dolar (9)

  • Aman galanlar halas bolar (11—16)

11  Ýessäniň+ töňňesinden bir baldak+ gögerer,Onuň kökünden çykan şaha+ miwe berer.   Ýehowanyň ruhy üstüne iner+,Ol akyl-paýhasly+, düşünjeli bolar,Gowy maslahatlary berer, güýç-kuwwatly bolar+,Bilimi köp bolar, Ýehowa çuňňur hormat goýar.   Ol höwes bilen Ýehowa hormat goýar*+. Gözüniň görenine görä höküm çykarmaz,Gulagynyň eşidenine görä käýinç bermez+.   Ol garyp-gasarlara adalatly kazylyk eder,Ýumşaklaryň aladasyny edip, ýüzgörmän käýär. Agzyndan çykan sözi* halklary* urar+,Agzyndan çykan demi* erbetleri ýok eder+.   Biline adalat guşagyny,Wepadarlyk kemerini dakar+.   Möjek guzy bilen ýaşar*+,Alajabars owlak bilen ýatar,Ýolbars, göle we öküz* bile gezer*+,Olary çagajyk bakar.   Sygyr aýy bilen otlar,Olaryň çagalary bile ýatar, Arslan öküz kimin gök ot* iýer+.   Çagajyk kepjebaşyň hininiň agzynda oýnar,Oglanjyk elini zäherli ýylanyň hinine sokar.   Olar hiç hili zyýan ýetirmez+,Mukaddes dagymda zeper ýetirmez+.Deňziň suwdan doluşy deý,Ýer ýüzi Ýehowa hakdaky bilimden dolar+. 10  Şol gün Ýessäniň köki+ halklar üçin bellik kimin bolar+, Milletler ondan maslahat sorar+.Onuň öýi şan-şöhratdan dolar. 11  Şol gün Ýehowa halkynyň aman galanlaryny Assiriýadan+, Müsürden+, Patrosdan+, Kuşdan*+, Elamdan+, Şyngardan*, Hamatdan we deňiz adalaryndan+ halas etmek üçin ýene-de, ikinji gezek elini uzadar. 12  Ol milletler üçin bellik diker we ýer ýüzüne dargan Ysraýyl ogullaryny bir ýere jemlär+. Çar tarapa dargan ýahuda halkyny ýygnar+. 13  Efraýym göriplik etmez+,Ýahudanyň duşmanlary ýok ediler. Efraýymyň Ýahuda gözi gitmez,Ýahuda hem Efraýymy ýigrenmez+. 14  Olar günbatardaky piliştlileriň üstüne çozar*,Gündogar halklaryny bilelikde talar. Edoma+ we Mowaba el galdyrar+,Ammonlary boýun egdirer+. 15  Ýehowa Müsür deňziniň aýlagyny* böler+,Ol derýa* el galdyrar+. Gyzgyn demi* ýedi çeşmesini guradar*,Halky çarygyny çykarman içinden geçer. 16  Ol Ysraýylyň Müsürden çykan güni edişi ýaly,Aman galan halk+ üçin Assiriýadan şaýol çeker+.

Çykgytlar

Ýa-da: Ýehowadan gorkar.
Ýa-da: ruhy.
Sözme-söz: ýeri.
Sözme-söz: taýagy.
Ýa-da: az wagtlyk ýaşar.
Sözme-söz: semiz; bordaky mal.
Başga manysy: Ýolbars bilen göle bile otlar.
Ýa-da: saman.
Ýagny Efiopiýadan.
Ýagny Wawiloniýadan.
Ýa-da: gerşine gonar.
Sözme-söz: dilini.
Ýagny Ýewfrat derýasy.
Ýa-da: ruhy.
Başga manysy: ony ýedi çeşmä böler.