Işaýa 16:1—14

  • Mowaba çykarylan hökümiň dowamy (1—14)

16  Sion gyzynyň dagyna,Ýurduň hökümdaryna,Seladan sähra ýoly bilen goç iberiň.   Arnonyň+ ýalpak ýerlerinde Mowap gyzlaryHöwürtgesinden kowlan guş kimin howsala düşer+.   «Maslahat ber, karary berjaý et. Günortan çagy seniň saýaň garaňky gije kimin bolsun. Gaçyp gelenleri gizle, gaçgaklary duşman eline berme.   Eý Mowap, gaçyp gelen halkym topragyňda ýaşasyn. Olara duşmandan pena bol+. Zalym hojaýynyň soňy geler.Weýrançylygyň ahyry geler.Adamlary ezýänler köki-damary bilen ýok bolar.   Şonda tagt wepaly söýgi bilen berkidiler. Dawudyň çadyrynda tagtda oturan wepaly bolar+.Ol dogruçyllyk bilen kazylyk eder, adalaty tiz dikelder»+.   Biz Mowabyň tekepbirligi hakda eşitdik.Ol biçak gedem+, gopbamsy, ulumsy we gaharjaň+.Emma onuň boş sözleri hiç haçan ýerine ýetmez.   Şonuň üçin Mowap betbagtçylyga uçrap perýat eder+.Tutuş Mowap nala çeker. Onuň ezilen halkyHir-harasetiň+ kişmiş kökelerini küýsäp aglaşar.   Heşbonyň+ üzümleri,Sibmanyň+ üzümçilikleri gurady,Halklaryň hökümdarlary gyzyl üzümlerini depeledi.Olaryň şahalary Ýazere+ çenli ýetdi.Çöle çenli uzaldy. Şahalary ýaýrap alysdaky deňze ýetdi.   Men Ýazer üçin aglaýşym ýaly, Sibmanyň üzümçiligi üçin hem aglaryn.Heşbon we Elgala+, siziň üçin gözýaş dökerin.Sebäbi hasyl* we orak döwründe şatlyk-şagalaň kesildi*. 10  Baglarda şatlyk we begenç sesi kesildi.Üzümçilikde aýdym aýdylmaýar,Şatlyk-şowhun sesi eşidilmeýär+.Üzüm sykýançylar üzüm sykmaýar. Sebäbi men olaryň sesini kesdim+. 11  Mowap üçin kalbym para-para bolýar+,Ýüregim arfanyň tary kimin titreýär.Hir-haraset üçin bagrym dilim-dilim bolýar+. 12  Mowap seždegähinde* ysgyndan gaçýança dileg etse-de, buthanasyna baryp, doga etse-de, munuň hiç peýdasy bolmaz+. 13  Ýehowa Mowap hakda şeýle sözleri aýdypdy. 14  Indi bolsa Ýehowa şeýle diýýär: «Üç ýylyň içinde Mowap abraýdan düşüp, masgara bolar. Hakyna tutulan işçiniň gününi sanaýşy ýaly, üç ýyl hem barmak bükülip sanalar. Şonda Mowapda harasat gopar, sanlyja adam aman galar, olar örän ejiz bolar»+.

Çykgytlar

Sözme-söz: tomus.
Başga manysy: duşman sesi eşidildi.
Sözlüge serediň.