Işaýa 19:1—25

  • Müsüre çykarylan höküm (1—15)

  • Ýehowa Müsüre özüni tanadar (16—25)

    • Müsürde Ýehowa üçin gurbanlyk ojagy gurlar (19)

19  Müsüre çykarylan höküm+: Ine, Ýehowa buludyň üstünde Müsüre uçup gelýär! Müsüriň dereksiz taňrylary Allanyň öňünde titrär+,Gorkudan ýaňa Müsüriň ýüregi ýarylar.   «Men müsürlileriň arasyna duşmançylyk salaryn,Olar biri-biri bilen söweşerler.Dogan doganyna, goňşy goňşusyna,Şäher şähere, patyşalyk patyşalyga garşy çykar.   Müsür aljyrar we howsala düşer,Men onuň niýetini puja çykararyn+. Olar dereksiz taňrylardan, jadygöýlerden,Palçylardan we bilgiçlerden* kömek sorarlar+.   Men Müsüri zalym hojaýynyň eline bererin.Rehimsiz patyşa agalyk eder»+.Muny hak Hökümdar, Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.   Deňziň suwlary gurar,Derýanyň suwlary çekilip, takrap galar+.   Derýalar porsar,Müsüriň Nil derýasynyň şahalary çekiler, gurar, Gamyşlar we gargylar çüýrär+.   Niliň guýýan ýerlerinde, derýa boýunda ösen gök otlar,Niliň kenaryndaky ähli ekin meýdanlar+ gurar+. Olar ýele sowrular we ýom-ýok bolar.   Balykçylar perýat ederler,Nile çeňňek taşlaýanlar aglaşarlar,Suwa tor atýanlaryň sany azalar.   Zygyrdan* mata dokaýanlar+,Tarada mata dokaýanlar utanja galar. 10  Müsüriň dokmaçylarynyň haly harap bolar,Hakyna tutulan işçileri gam çekerler. 11  Suwanyň+ han-begleri akmakdyr, Faraonyň akyldarlarynyň maslahatlary biderekdir+. Siziň faraona: «Men akyldarlaryň neberesinden,Gadymy şalaryň neslinden» diýmäge neneň diliňiz barýar? 12  Seniň akyldarlaryň nirede?+ Olar paýhasly bolsa, Serkerdebaşy ÝehowanyňMüsüre çykaran kararyny aýtsynlar hany? 13  Suwanyň hanlary akmaklyk etdi.Nobyň*+ begleri aldawa düşdi.Tirebaşylary Müsüri ýoldan çykardy. 14  Ýehowa ony aljyratdy+,Akyldarlary hemişe Müsüri azaşdyrardy,Ol öz gusugyna taýýan serhoş kimin boldy. 15  Müsüriň elinden hiç zat gelmez,Onuň başy-da, guýrugy-da, Şahasy-da, gamşy-da* hiç zat başarmaz. 16  Şol gün Müsür aýal ýaly gorkar. Serkerdebaşy Ýehowanyň galdyran elinden ýaňa sandyrar+. 17  Ýahuda ýurdy Müsüri gorka salar. Ýahudanyň adyny eşidende, onuň ýüregi ýarylar, sebäbi Serkerdebaşy Ýehowa oňa höküm çykardy+. 18  Şol gün Müsüriň bäş şäheri kengan dilinde gepläp+, Serkerdebaşy Ýehowa wepaly bolmak hakda kasam içer. Olaryň birine Weýrançylyk şäheri diýler. 19  Şol gün Müsüriň ortasynda Ýehowa üçin gurbanlyk ojagy* gurlar. Ýurduň serhetlerinde Ýehowanyň hatyrasyna sütün dikiler. 20  Olar Müsür ýurdunda Serkerdebaşy Ýehowa üçin bellik we şaýat bolar. Onuň halky zalymlykdan ýaňa ejir çekip, Ýehowa perýat eder. Alla beýik halasgär iberip, olary halas eder. 21  Ýehowa müsürlilere özüni tanadar, şol gün olar hem Ýehowany tanarlar, gurbanlyklar we sadakalar bererler. Olar Ýehowa wada berip, ony berjaý ederler. 22  Ýehowa Müsüri urup+, jeza berende, olar sagalar. Müsürliler Ýehowa dolanar we dilegi kabul bolup, sagalar. 23  Şol gün Müsürden Assiriýa şaýol çekiler+. Assiriýa halky Müsüre geler, Müsür halky Assiriýa barar. Olar Hudaýa bilelikde gulluk ederler. 24  Şol gün Ysraýyl hem Müsür bilen Assiriýa goşular+, ol arkaly ýer ýüzüne bereket berler. 25  Sebäbi Serkerdebaşy Ýehowa olara bereket berip şeýle diýer: «Müsür meniň halkym, Assiriýa ellerimiň işi, Ysraýyl mirasym! Olara bereket bererin»+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: Memfisiň.
Başga manysy: Palma şahasy-da, gargysy-da.
Sözlüge serediň.