Işaýa 20:1—6
-
Müsür we Efiopiýa üçin alamat (1—6)
20 Assiriýa patyşasy Sergen baş serkerdäni* Aşdota+ iberdi. Şol ýyl ol Aşdota hüjüm edip, ony basyp aldy+.
2 Şonda Ýehowa Amozyň ogly Işaýa+: «Bar, egniňdäki july* we aýagyňdaky çarygy çykar» diýdi. Ol aýdylany edip, ýarym-ýalaňaç we aýakýalaňaç halda gezdi.
3 Soňra Ýehowa şeýle diýdi: «Gulum Işaýanyň üç ýyllap ýarym-ýalaňaç we aýakýalaňaç ýöremegi Müsür+ hem-de Efiopiýa+ üçin alamat+ hem-de nyşan bolar.
4 Assiriýa patyşasy müsürlileri ýesir alar+ we efiopiýalylary sürgün eder. Çagalary, garrylary aýakýalaňaç, ýarym-ýalaňaç we otyrýeri* açyk halda äkider. Şeýdip, Müsür masgara bolar.
5 Efiopiýa umyt baglaýanlar, Müsüre buýsanýanlar gorkarlar we masgara bolarlar.
6 Şol gün kenarda ýaşaýan halk: „Biz olara umyt bagladyk. Seret, indi olara nämeler boldy? Biz Assiriýa patyşasyndan halas bolmak üçin, olardan pena gözledik. Indi nädip halas bolarys?“ diýer».