Işaýa 21:1—17

  • Deňiz deý ýaýylyp ýatan çöle çykarylan höküm (1—10)

    • Garawul diňinde durýaryn (8)

    • «Wawilon ýykyldy!» (9)

  • Duma we düzlüge çykarylan höküm (11—17)

    • «Garawul, haçan daň atar?» (11)

21  Deňiz deý ýaýylyp ýatan çöle* çykarylan höküm+: Tüweleýiň günortadan gelşi ýaly,Betbagtçylyk hem çölden, gorkunç ýurtdan geler+.   Men gorkunç görnüş* gördüm: Dönük dönüklik edýär,Weýran ediji weýran edýär. Elam, hüjüm et! Midiýa+, gaba! Men onuň* çekdiren ahy-nalasynyň soňuna çykaryn+.   Gören görnüşimden ýaňa bar ýerim agyrýar+. Burgusy tutýan aýal ýaly iki bükülip, yza çekýärin.Aladadan ýaňa hiç zat eşitmeýärin, Gaýgy-gamdan ýaňa hiç zat görmeýärin.   Ýüregim biynjalyk bolýar, kalbym gorkudan titreýär, Garaşan alagaraňkylygym indi meni gorkuzýar.   Saçak ýazyp, ýer taýýarlaň! Iýiň, içiň!+ Han-begler, turuň, galkanlaryňyzy ýaglaň!   Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Bar, garawul goý! Goý, ol gören-eşidenini habar bersin».   Ol jübüt atlara,Eşeklere we düýelere goşulanSöweş arabalaryny gördi. Ol gözüni aýyrman dykgatly seretdi.   Soňra ol arslan kimin arlap şeýle diýdi: «Ýehowa, uzakly gün garawul diňinde durýaryn,Gijelerine ýerimde nobatçylyk edýärin+.   Ine, jübüt atlara goşulan Söweş arabalarynda adamlar gelýär»+. Soňra ol gygyryp şeýle diýdi: «Ýykyldy, Wawilon ýykyldy!+ Hudaý onuň oýma butlaryny ýere zyňyp, çym-pytrak etdi!»+ 10  Galla kimin döwlen halkym!Harmanyma ýygnalan däneler!+Men Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowadan eşidenlerimi gürrüň berdim. 11  Duma* çykarylan höküm: Segirden+ biri: «Garawul, haçan daň atar? Garawul, haçan daň atar?» diýip sorady. 12  Garawul şeýle jogap berdi: «Daň atyp barýar, gije-de düşer. Näme sorajak bolsaň sora! Gelip dur!» 13  Düzlüge çykarylan höküm: Dedanyň+ kerwenleri,Siz gijäňizi jeňňellikde geçirersiňiz. 14  Teýmanyň+ ilaty!Suwsanlary gandyryň,Gaçgaklary çörek bilen garşylaň. 15  Olar gylyçdan, gynyndan çykarylan gylyçdan,Çekilen ýaýdan, agyr uruşdan gaçyp geldiler. 16  Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Kedaryň+ şan-şöhratyny bir ýylyň içinde ýok ederin. Hakyna tutulan işçiniň gününi sanaýşy ýaly, onuň wagty hem barmak bükülip sanalar. 17  Kedar goşunyndan az sanly ýaýçy aman galar. Muny Ysraýyl Hudaýy Ýehowa aýtdy».

Çykgytlar

Gadymy Wawiloniýa göz öňünde tutulýan bolmaly.
Sözlüge serediň.
Wawilon göz öňünde tutulýan bolmaly.
Manysy: Dym-dyrslyk.