Işaýa 33:1—24
33 Waý seniň halyňa! Eý weýran edýän duşman,Sen heniz weýran edilmediň!+Eý dönük, heniz saňa dönüklik edilmedi!
Sen weýran edeniňden soň, özüň weýran bolarsyň+,
Dönüklik edeniňden soň, saňa-da dönüklik ediler.
2 Ýehowa, bize rehim et!+
Biz saňa umyt edýäris.
Her säher güýç-kuwwatymyz* bol+,Aladaly günde halasgärimiz bol+.
3 Batly sesiňden halklar gaçýarlar,
Ýeriňden turanyňda, milletler dumly-duşa dargaýarlar+.
4 Milletler çekirtgeler ýaly mal-mülküňizi ýalmap ýuwudar,Halklar çekirtge sürüsi deý baýlygyňyza çozar.
5 Ýehowa beýgeler,Sebäbi onuň mekany gökdedir.
Ol Siony dogruçyllyk we adalatlylyk bilen doldurar.
6 Ol sizi asuda zamanda ýaşadar.Ynsanyň* hazynasy: beýik ýeňiş*+, akyldarlyk, bilim,Ýehowadan gorkudyr+.
7 Olaryň gahrymanlary köçede ajy gözýaş dökýärler,Parahatlyk habarçylary zar-zar aglaýarlar.
8 Şaýollarynda adam-gara görünmez,Ýollaryndan ýolagçylar ýöremez.
Duşman ähtini bozdy,Şäherleriniň üstünden güldi,Başy ölümli ynsany äsgermedi+.
9 Ýurt ýas tutup*, tapdan düşýär,
Liwan masgaraçylykdan+ ýaňa saralyp solýar.
Şaron çöle öwrülýär,Başan bilen Karmeliň ýapraklary dökülýär+.
10 Ýehowa şeýle diýýär: «Men ýerimden galaryn,Indi men beýgelerin+,Özümi şöhratlandyraryn.
11 Siz guran ota göwreli bolup, saman dogurdyňyz.
Oý-pikirleriňiz içiňizde ot bolup, sizi ýakyp ýandyrar+.
12 Halklar ýanan hek kimin dargap gider,
Çapylan ýandak kimin oda taşlanar+.
13 Eý uzakdakylar, etjek işlerimi eşidiň!
Eý golaýdakylar, güýç-kuwwatymy görüň!
14 Sionyň günäkärleri sandyraýar+.Imandan dänenler titräp:
„Ýakyp ýandyrýan oduň içinde kim ýaşap biler?+
Sönmeýän oduň ýalnyna kim çydap biler?“ diýýärler.
15 Dogry ýoldan ýöreýän ynsan+Hakykaty aýdýar+,Hilegärlik etmeýär, haram gazançdan ýüz öwürýär,Para almaýar, halal ýaşaýar+,Ganhorlary diňlemän, gulagyny ýapýar,Pisligi görmezlik üçin gözüni ýumýar.
16 Ol daglaryň depesinde ýaşar,Gaýalar oňa gaçybatalga bolar.Saçagynda nany egsilmez,Içere suwy tükenmez»+.
17 Seniň gözleriň şan-şöhratly patyşany,Uzakdaky ýurdy görer.
18 Gorkunç zatlary ýatlap:
«Kätip nirede?
Salgyt töleýän adam hany?+
Diňleri sanaýan adam nirede?» diýersiň.
19 Mundan beýläk tekepbir halky görmersiň,Ýat dilde, düşünmeýän diliňde* gepleýänleri görmersiň+.
20 Siona, baýramçylyk geçirilýän şähere seret!+
Iýerusalimi, asuda mekany,Ýykylmajak çadyry gözüň bilen görersiň+.
Onuň gazyklary asla sogrulmaz,Ýüpleriniň hiç biri üzülmez.
21 Ol ýerde gudratly Hudaý Ýehowa,Bizi derýa, giň derýa kimin gorar.Ol ýerden kürekli gämiler-de,Ägirt uly gämiler-de geçip bilmez.
22 Ýehowa Kazymyzdyr!+Ýehowa Kanun çykaryjymyzdyr!+Ýehowa Patyşamyzdyr!+Ol Halasgärimizdir!+
23 Duşmanlaryň ýüpleri gowşar,Gäminiň pürsüni saklap bilmezler,Ýelkenini açyp bilmezler.
Şonda köp olja paýlaşarlar,Agsaklar-da olja baryny alarlar+.
24 Hiç bir adam: «Men syrkaw» diýmez+.
Ýurduň ilatynyň günäsi geçiler+.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: golumyz.
^ Başga manysy: Hudaýyň berýän.
^ Ýa-da: gutulyş.
^ Başga manysy: gurap.
^ Sözme-söz: sakawlap.