Işaýa 50:1—11
50 Ýehowa şeýle diýýär:
«Ejeňizi öýden kowanymda talak hatyny+ berdimmi näme?
Sizi haýsy algydaryma satdym?
Siz günä edendigiňiz+ üçin satyldyňyz.Siziň günäňiz üçin ejeňiz kowuldy+.
2 Onda näme üçin men gelenimde hiç kim ýokdy?
Çagyranymda näme üçin hiç kim jogap bermedi?+
Sizi halas etmäge golum ejizmi?Sizi azat etmäge güýjüm ýetmezmi?+
Men käýänimde deňiz guraýar+,Derýalar çöle öwrülýär+.
Balyklar suwsuzlykdan gyrylýar,Suwsuzlykdan porsaýar.
3 Asmany garaňkylyk bilen örtýärin+,Egnine jul* geýdirýärin».
4 Älemiň Hökümdary Ýehowa meni dile çeper etdi+,Güýçden gaçanlar bilen gepleşmek* üçinGerekli sözleri tapmagy öwretdi+.
Ol meni her säher oýarýar,Okuwçy kimin diňlärim ýaly gulagymy açýar+.
5 Älemiň Hökümdary Ýehowa gulagymy açanda,Men garşylyk görkezmedim+,
Tersine gitmedim+.
6 Meni uranlara arkamy,Sakgalymy ýolanlara ýaňagymy tutdum.
Kemsitseler-de, tüýkürseler-de ýüzümi sowmadym+.
7 Älemiň Hökümdary Ýehowa maňa kömek eder+,
Ýüzüm gyzarmaz,
Ýüzümi çakmakdaşy ýaly gatatdym+,Asla utanmaryn.
8 Meni dogruçyl hasaplaýan Hudaýym ýanymda dur.
Meni kim aýyplap biler?+
Geliň, ýüzleşeliň!
Kim meniň bilen dawalaşyp biler?
Hany, öňe çyksyn!
9 Älemiň Hökümdary Ýehowa maňa kömek eder.
Kim maňa gara ýöňkäp biler?
Olaryň ählisi eşik kimin çüýrär,
Olary güýe iýer.
10 Haýsyňyz Ýehowadan gorkýarsyňyz?Haýsyňyz hyzmatkäriniň sözlerine gulak asýarsyňyz?+
Eline alaw alman tümlükde ýöreýän kim?
Goý, ol Ýehowanyň adyna bil baglasyn, Alla daýansyn!
11 Eý ot ýakýanlar!Közi gorjalaýanlar!Öz ýakan oduňyzyň ýagtysynda,Uçgunlaryň arasynda geziň.
Meniň size berjek jezam şudur:
Jebir içinde süýnersiňiz.