Işaýa 53:1—12
53 Biziň aýdan* habarymyza kim iman etdi?+
Ýehowanyň gudratly goluny+ kim gördi?+
2 Onuň* öňünde gulum baldak+ kimin gögerer,Takyrlykda ösen kök kimin bolar.
Onda ne boý-syrat, ne-de baýlyk bolar+.Oňa seredenimizde, görk-görmegi bolmaz.
3 Ony ýigrendiler, ondan gaçdylar+.Ol agyrynyň, keseliň nämedigini bildi.
Adamlar ondan ýüzüni sowýardy.
Ony ýigrendiler, biz ony adam sanynda görmedik+.
4 Ol derdimizi+, agyrymyzy gerdeninde göterdi+.Biz bolsa ony Hudaý urandyr,
Başyndan dert inderendir, temmi berendir öýtdük.
5 Ol biziň günälerimiz üçin+ ýaralandy+,Etmişlerimiz üçin ejir çekdi+.
Biziň parahatlygymyz üçin oňa jeza berildi+.Onuň ýaralary bize melhem boldy+.
6 Ählimiz goýun ýaly azaşypdyk+,Her kim öz ugruna gidipdi.Emma Ýehowa günälerimizi onuň egnine atdy+.
7 Oňa sütem edildi+, ol jebir çekmäge razy boldy+,Agzyny hem açmady.
Ol soýuljak goýun ýaly alnyp gidildi+,Gyrkymçynyň öňünde sessiz ýatan goýun deý,Agzyny hem açmady+.
8 Oňa sütem etdiler, adalatsyzlyk bilen alyp gitdiler.Hiç kim onuň aslyny* biljek bolmady.
Sebäbi ol ýagty jahandan ýok edildi+,Halkymyň günäsi üçin öldürildi+.
9 Ýamanlyk etmese-de,Agzyndan ýalan söz çykmasa-da+,Oňa erbetleriň ýanynda gabyr gazyldy+.Ölende bolsa baýlaryň hatarynda jaýlandy+.
10 Ýehowa onuň jebir-jepa çekmegini isledi*,Hudaý onuň dert çekmegine ýol berdi.
Janyny ýazyk gurbanlygy edip berseň+,Ol nesillerini görer, uzak ömür sürer+.Ol arkaly Ýehowanyň niýeti* amala aşar+.
11 Jebir-jepa çekse-de, eden işlerini görüp begener.
Dogruçyl bendäm, gulum+ öwrenen zatlary bilen,Ençeme adamlara dogruçyl bolmaga kömek eder+.Olaryň günälerini gerdeninde göterer+.
12 Şonuň üçin men oňa il hatarynda paý bererin.Ol pälwanlar bilen olja paýlaşar.Sebäbi ol janyny gurban etdi+,Jenaýatçylar bilen deň görüldi+.Köp adamlaryň günäsini öz boýnuna aldy+.Jenaýatçylar üçin töwellaçy boldy+.
Çykgytlar
^ Başga manysy: eşiden.
^ Hudaýy ýa-da adamy aňladyp biler.
^ Ýa-da: nesil daragtyny; ýaşaýşyny.
^ Ýa-da: islegi.
^ Ýa-da: çekendigine begendi.