Işaýa 54:1—17
54 «Çaga dogurmadyk, önelgesiz aýal, şatlanyp gygyr!+
Burgynyň azabyny çekmedik aýal+, begenip gygyr!+Sebäbi taşlanan aýalyň ogullary,Ärli aýalyň ogullaryndan köpdür»+. Muny Ýehowa aýdýar.
2 «Çadyryňy giňelt+,
Uly çadyryň matalaryny has-da uzalt.
Ýüplerini uzaltmaga ýaýdanma,Gazyklaryny mäkäm kak+.
3 Sen saga-sola ýaýrarsyň,
Nesliň milletlere agalyk eder.Olar boşap galan şäherlerde ýaşar+.
4 Gorkma+, sen utanja galmarsyň+,Kemsinme, ýüzüň gyzarmaz.
Ýaşlykda biabraý bolanyňy unudarsyň,Dul galyp, masgara bolanyňy ýatlamarsyň».
5 «Beýik Ýaradan+ seniň hojaýynyňdyr*+.Onuň ady Serkerdebaşy Ýehowadyr.Ysraýylyň Mukaddes Hudaýy seniň üçin töleg töländir+.
Oňa bütin ýer ýüzüniň Hudaýy diýerler+.
6 Sen äri taşlap giden, azap çeken+,Ýaşlykda durmuşa çykyp, soňra kowlan aýal ýalydyň.Emma Ýehowa seni çagyrdy». Muny seniň Hudaýyň aýdýar.
7 «Men seni az salymlyk taşladym,Emma rehim edip yzyňa getirerin+.
8 Gaharym gelende, senden az salymlyk ýüz öwürdim+,Emma çäksiz wepaly söýgim bilen saňa rehim ederin»+.Muny seniň üçin töleg tölän+ Ýehowa aýdýar.
9 «Nuhuň günlerinde-de şeýle bolupdy+,
Şonda ýer ýüzüni sil basmaz diýip ant içişim ýaly+,Saňa-da gaharlanmaryn, käýemerin diýip ant içýärin+.
10 Daglar ýerinden süýşse-de,Baýyrlar titrese-de,Saňa bolan söýgim* sowamaz+,Parahatlyk ähtim hiç haçan bozulmaz»+.Muny saňa rehim eden Ýehowa aýdýar+.
11 «Biçäre+, durmuşyň ajysyny dadan,Göwünlik berilmedik aýal!+Diwarlaryňy hekli palçyk bilen galdyraryn,Ýakut daşy bilen düýbüňi tutaryn+.
12 Küňreleriňi* lagyldan guraryn,Derwezeleriňi öwşün atýan daşlardan ýasaryn,Serhetleriňi gymmatbaha daşlardan çekerin.
13 Ähli ogullaryň Ýehowadan tälim alarlar+,Bol parahatlykda ýaşarlar+.
14 Düýbüň adalat bilen tutular+,
Zulum-sütemi görmersiň+.Hiç zatdan gorkmarsyň, heder etmersiň,Gorkynyň nämedigini bilmersiň+.
15 Biri üstüňe çozsa,Meniň emrim bilen çozmaz.
Hüjüm eden duşmanyňy ýeňersiň»+.
16 «Közi üfleýän,Ýarag ýasaýan ussany men ýaratdym.
Weýran edýän ynsany hem men ýaratdym+.
17 Saňa garşy ýasalan ýarag derde ýaramaz+.Kazyýetde seni aýyplaýan dili paş edersiň*.
Ýehowanyň gullarynyň mirasy şudur,Men olar üçin adalaty dikelderin*». Muny Ýehowa aýdýar+.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: äriňdir.
^ Ýa-da: wepaly söýgim.
^ Diwaryň üstünde gurulýan diş-diş kiçijik sütünjikler.
^ Ýa-da: ýalana çykararsyň.
^ Ýa-da: Men olary aklaryn.