Işaýa 56:1—12

  • Kesekiler we agtalar üçin bereket (1—8)

    • Halklaryň doga⁠-⁠dileg öýi (7)

  • Kör garawullar, lal itler (9—12)

56  Ýehowa şeýle diýýär: «Adalatly boluň+, halal ýaşaň.Sizi tizden halas ederin,Adalaty dikelderin+.   Muny ýerine ýetirýän,Olara berk ýapyşýan adam bagtlydyr.Sabat gününi berjaý edýän, ony haram etmeýän+,Erbet işlere baş goşmaýan adam bagtlydyr.   Ýehowa sežde edýän gelmişek+:„Ýehowa meni halkynyň içinden çykarar“ diýmesin. Agta*: „Men bir guran agaç“ diýmesin».  Sabat günlerimi berjaý edýän, meniň halaýan işlerimi edýän, ähtimi berk saklaýan agta adamlara men, Ýehowa şeýle diýýärin:   «Men olara ogul-gyzdan artyk zat bererin,Öýümde orun bererin, atlaryny unutmaryn. Olara öçmejek at,Ebedilik at bererin.   Ýehowanyň adyny söýýän+,Onuň guly bolmak isleýän,Sabat gününi berjaý edýän, ony haram etmeýän,Ähtimi berk saklaýan,Ýehowa gulluk we sežde etmek isleýän keseki adamlary   Mukaddes dagyma alyp gelerin+,Doga edilýän öýüme getirip begendirerin. Gurbanlyk ojagynda* beren gurbanlyklaryny,Ýakma gurbanlyklaryny kabul ederin. Sebäbi meniň öýüme halklaryň doga-dileg öýi diýler»+.  Ysraýylyň dargap giden halkyny ýygnan Älemiň Hökümdary Ýehowa+ şeýle diýýär: «Men ýygnan halkymyň ýanyna başgalary-da çagyraryn»+.   Çöl haýwanlary,Tokaý haýwanlary, geliň, iýiň!+ 10  Garawullar kör+, hiç zada üns bermeýär+. Ählisi üýrüp bilmeýän, lal itlerdir+. Olar haşlap dem alýar, ýatmagy we uklamagy gowy görýär. 11  Olar doýmaz-dolmaz,Açgöz itlerdir. Düşünjesiz çopanlardyr+, Ählisi öz ugruna gidýär,Her biri haram gazanjyň yşkyna düşýär.Olar şeýle diýýär: 12  «Geliň, şerap içeliň!Serhoş bolýançak içeliň+. Her günümiz şeýle bolsun,Ertirimiz mundan hem gowy bolsun!»

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.