Işaýa 64:1—12
64 Asmany böwsüp, aşak insediň,Daglar öňüňde titrärdi.
2 Çöp-çalamy ýakýan,Suwy gaýnadýan ot kimin aşak insediň,Şonda milletler öňüňde sandyrar,Duşmanlaryň adyňy biler.
3 Sen akylymyza gelmejek täsin işleri etdiň+,Aşak indiň, daglar öňüňde titredi+.
4 Sabyrly garaşýanlary halas edýärsiň,Senden başga Hudaý ýokdur.Gadymy günlerden bäriSeniň ýaly Hudaýy gören-eşiden ýokdur+.
5 Sen dogry işleri höwes bilen edýänleri+,Seni unutmaýanlary, ýollaryňdan ýöreýänleriGujak açyp garşylaýarsyň.
Biz ýyllarboýy günä edip,Seniň gaharyňy getirdik+.
Indi biz nädip halas bolarys?
6 Ählimiz haram adam ýaly bolduk.Eden dogry işlerimizAýbaşysy gelen aýalyň esgisi ýaly boldy+.
Indi ählimiz ýaprak kimin saralyp solarys,Günälerimiz sebäpli ýele sowrularys.
7 Hiç kim seniň adyňy tutup çagyrmaýar,Saňa berk ýapyşmak üçin jan etmeýär.Sen bizden ýüz öwürdiň+,Günälerimiz sebäpli gurap gitdik.
8 Ýehowa, sen biziň Atamyz!+
Biz toýun, sen Küýzegärimiz*+,Ählimiz seniň elleriň işidiris.
9 Ýehowa, gahar-gazaba münme+,Günälerimizi ýatlap durma.
Ýalbarýarys, bize nazar sal, biz seniň halkyňdyrys.
10 Mukaddes şäherleriň çöle döndi,
Sion takrap ýatan ýere döndi.Iýerusalim haraba öwrüldi+.
11 Ata-babalarymyzyň saňa alkyş aýdan öýüni,Mukaddes we şöhratly* ybadathanany otladylar+.Biziň eziz görýän zatlarymyz haraba bolup ýatyr.
12 Ýehowa, şu zatlary görübem kömek etmersiňmi?
Ejir çekmegimize ýol berip, ümsüm oturarsyňmy?+