Mikaý 2:1—13

  • Päliýaman adamlaryň waý halyna! (1—11)

  • Ysraýyl bir ýere jemlenýär (12, 13)

    • Ýurtda märekäniň sesi ýatmaz (12)

2  «Düşeginde duzak gurmak hakda oýlanýanlaryň,Päliýaman adamlaryň waý halyna! Olar daň atanda niýetini amala aşyrýarlar,Sebäbi il-günüň ygtyýary olaryň elinde+.   Olar islän mellegini alýarlar+,Islän öýlerine eýe çykýarlar.Adamy aldap, öýüni elinden alýarlar+,Mirasdüşeri mirasyndan mahrum edýärler.   Şonuň üçin Ýehowa şeýle diýýär: „Halkyň başyna betbagtçylyk indererin+,Gaçyp gutulmazlar+. Indi tumşugyňyzy göge tutup gezmersiňiz+,Sebäbi heläkçilik güni geldi+.   Şol günlerde halklaryň dilinden düşmersiňiz,Olar siziň üçin agy aýdarlar+. Olar: „Bizi taladylar!+Alla halkymyň paýyny alyp, ýat adamlara berdi. Paýymyzy elimizden kakyp aldy+. Melleklerimizi dönükleriň eline berdi“ diýer.   Ölçeg ýüpi bilen ýer paýlaryny ölçäp berjek adam,Ýehowanyň halkynyň arasyndan tapylmaz.   Olar: „Wagyz etmäň!Beýle zatlar hakda wagyz etmäň.Biz masgara bolmarys!“ diýýärler.   Eý Ýakup öýi, siz: „Ýehowanyň sabyr käsesi doldumy? Ol şeýle işleri edermi?“ diýenlerini eşitdiňizmi? Meniň wadalarym dogruçyllaryň bähbidine dälmi?   Soňky döwür halkym maňa duşman boldy. Söweşden gelýän esger ýalyArkaýyn geçip barýan ötegçileriňGöz-görtele şaý-seplerini, donuny sypyryp alýarsyňyz*.   Halkymyň gelinlerini asuda öýlerinden kowýarsyňyz,Çagalaryny meniň berekedimden mahrum edýärsiňiz. 10  Bar git, sebäbi bärde asudalyk ýok, Ýurt haram boldy+, şonuň üçin heläkçilik,Uly heläkçilik iner+. 11  Şemaly kowalaýan, aldaw bilen ýaşap: „Geliň, şerap, çakyr hakda wagyz edeýin“ diýýän adam, Diňe şu halkyň wagyzçysy bolar+. 12  Eý Ýakup, men seni bir ýere jemlärin,Ysraýylyň aman galanlaryny ýygnaryn+. Agyldaky goýun kimin,Öri meýdandaky süri kimin bir ýere toplaryn+.Ýurtda märekäniň sesi ýatmaz“+. 13  Halk diwary ýykýanyň yzyna düşer.Olar ýykylan diwardan geçip, derwezeden çykyp giderler+. Olaryň patyşasy öňlerinden ýörär,Ýehowa olara ýol görkezer»+.

Çykgytlar

Başga manysy: donundan şaý-sepini goparyp alýarsyňyz.