Mikaý 6:1—16

  • Hudaý Ysraýylyň üstünden şikaýat edýär (1—5)

  • Ýehowa senden nämä garaşýar? (6—8)

    • Adalatly, wepaly bol, päliňi pes tut! (8)

  • Ysraýylyň günäsi we temmisi (9—16)

6  Ýehowanyň sözüni diňlemegiňizi haýyş edýärin! Turuň, dawaňyzy daglara aýdyň,Sizi depeler hem eşitsin+.   Daglar, ýeriň berk diregleri,Ýehowanyň arzyny diňläň!+Ýehowa öz halkynyň üstünden şikaýat edýär.Ysraýyl halkyna garşy arz-şikaýatyny diňläň+:   «Eý halkym, size näme ýamanlyk etdim? Men size ýük bolar ýaly näme etdim?+ Aýdyň hany, meni nämede aýyplaýarsyňyz?   Men sizi Müsürden çykardym+,Gul bolan ýurduňyzdan azat etdim+.Siziň üçin Musany, Haruny we Merýemi+ iberdim.   Eý halkym, Ýehowanyň adalatly işlerini biliň!Mowap patyşasy Ballagyň guran hilesini+,Benur ogly Bilgamyň beren jogabyny+,Şitimden+ Gilgala+ barýan ýollarda bolan wakalary ýatlaň».   Ýehowanyň huzuryna näme alyp baraýyn? Göklerdäki Alla sežde etmek üçin näme elteýin? Birýaşar öküzleri getireýinmi?+Ýakma gurbanlygyny bereýinmi?   Müňlerçe goç getirsem,On müňlerçe çelek ýag sadaka bersem+,Ýehowa razy bolarmy? Gozgalaň edenim üçin nowbahar oglumy,Günäm üçin bilimden önen perzendimi bereýinmi?+   Eý adam, Hudaý saňa nämäniň gowudygyny aýtdy. Ýehowa senden nämä garaşýar? Hudaýyň öňünde+ päliňi pes tutup+,Adalatly+ we wepaly bol!*+   Ýehowa şähere ýüzlenýär:(Paýhasly adamlar seniň adyňdan gorkar). Temmi taýagyna serediň, ony bereni diňläň!+ 10  Erbetleriň öýi henizem haram gazançdan dolumy?Kem ölçeýän çuwallary* barmy? 11  Meniň kem çekýän terezim bolsa,Torbamda kem çekýän daşlar bar bolsa, päk bolarynmy?+ 12  Şäheriň baýlary zalymlyk edýär,Ilaty ýalan sözleýär+,Dilleri bilen hile gurýar+. 13  «Şonuň üçin seni urup ýaralaryn+,Günäleriň üçin weýran ederin. 14  Iýersiň, emma doýmarsyň,Garnyň hemişe aç bolar+. Toplan zadyňy gorap bilmersiň,Ýygnanyňy duşman eline bererin. 15  Ekersiň, emma hasylyny ormarsyň, Zeýtuny ýenjersiň, emma ýagyny ulanmarsyň,Täze şerap taýýarlarsyň, emma ondan içmersiň+. 16  Omranyň kada-kanunlaryny berjaý edýärsiň,Ahabyň ýigrenji işlerine eýerýärsiň+. Olaryň öwüt-nesihaty bilen ýaşaýarsyň.Şonuň üçin seni gorkunç hala salaryn.Seni gören adamlar sykylyk çalarlar*+,Halklar seni masgara ederler»+.

Çykgytlar

Sözme-söz: wepaly söýgini söý!
Üstünden gülmegi ýa-da haýran galmagy aňladýan bolmaly.