Nehemýa 11:1—36

  • Iýerusalime göçenler (1—36)

11  Han⁠-⁠begler Iýerusalimde ýaşaýardy+. Her on maşgaladan bir maşgala mukaddes şäher Iýerusalimde ýaşar ýaly bije atdylar+, galan dokuz maşgala beýleki şäherlerde ýaşady.  Iýerusalime öz islegi bilen göçenler hem bardy, halk olara ak pata berdi.  Ysraýyllaryň galany, ruhanylar, lewiler, ybadathana gullukçylary*+ we Süleýmanyň hyzmatkärleriniň nesli+ Ýahudanyň beýleki şäherlerinde, hersi öz mülkünde ýaşady. Baştutanlar Iýerusalimde ýaşady+.  Iýerusalimde ýaşaýanlaryň arasynda ýahuda we benýamin taýpasynyň adamlary hem bardy. Ýahuda taýpasyndan: Pereziň+ nesli Mahaleliň neslinden Uzyýanyň ogly, Zekerýanyň agtygy, Emirýaryň çowlugy, Şepatýanyň ýuwlugy Ataýa,  Şelanyň nesli Zekerýanyň neslinden Barugyň ogly, Kolhozyň agtygy, Hazaýanyň çowlugy, Adaýyň ýuwlugy, Ýogrybyň gowlugy Maseýa.  Iýerusalimde ýaşan Pereziň nesli jemi 468 edermen adamdy.  Benýamin taýpasyndan: Ýeşaýanyň nesli Ytyýeliň neslinden Meşullamyň ogly, Ýohetiň agtygy, Pedaýanyň çowlugy, Kolaýanyň ýuwlugy, Maseýanyň gowlugy Salluw+,  Gabaý bilen Selaý, jemi 928 adam.  Zikriniň ogly Ýowel olaryň baştutanydy, Hassanuwyň ogly Ýahuda bolsa kömekçisidi*. 10  Ruhanylardan: Ýogrybyň ogly Ýedaýa, Ýahin+, 11  Hilkiýanyň ogly, Meşullamyň agtygy, Sadygyň çowlugy, Meraýotyň ýuwlugy, hak Hudaýyň öýüne gözegçilik eden Ahytubyň+ gowlugy Seraýa 12  bilen ybadathanada gulluk edýän doganlary, jemi 822 adam; Mälikýaryň nesli Paşhuryň+ neslinden Ýerohamyň ogly, Pelalýanyň agtygy, Hamzanyň çowlugy, Zekerýanyň ýuwlugy Adaý 13  bilen tirebaşy doganlary, jemi 242 adam; Azareliň ogly, Ahzaýyň agtygy, Meşlemotyň çowlugy, Imeriň ýuwlugy Emaşsaý 14  bilen güýçli, edermen doganlary, jemi 128 adam. Abraýly maşgaladan Zabdyýel olaryň baştutanydy. 15  Lewilerden: Haşubyň ogly, Azrykamyň agtygy, Hasapýaryň çowlugy, Bunanyň ýuwlugy Şemaýa+ 16  we hak Hudaýyň öýi bilen bagly käbir işlere gözegçilik edýän lewi baştutanlary Şebitaý+ bilen Ýozabat+, 17  Mikaýyň ogly, Zabdynyň agtygy, Asafyň+ çowlugy Mattanýa+; ol doga edilýän wagty Hudaýy şöhratlandyrýan aýdymçylaryň ýolbaşçysydy+, kömekçisi Bakbukýa we Şamuwyň ogly, Galalyň agtygy, Ýedutunyň+ çowlugy Abdyl. 18  Mukaddes şäherde lewilerden jemi 284 adam bardy. 19  Derwezebanlardan: Akup, Talmon+ bilen doganlary, jemi 172 adam. 20  Ysraýyllaryň, ruhanylaryň we lewileriň galany bolsa Ýahudanyň beýleki şäherlerinde, hersi öz mülkünde ýaşaýardy. 21  Ybadathana gullukçylary+ Opelde+ ýaşaýardy, Zyha bilen Gişpa bolsa olara gözegçilik edýärdi. 22  Iýerusalimdäki lewilere Banynyň ogly, Hasapýaryň agtygy, Mattanýanyň+ çowlugy, Mikanyň ýuwlugy Uzzy ýolbaşçylyk edýärdi. Ol Asafyň neslinden, aýdymçylar maşgalasyndandy. Uzzy hak Hudaýyň öýündäki işlere gözegçilik edýärdi. 23  Patyşa aýdymçylara her gün gerek zatlaryny bermelidigi hakda perman çykarypdy+. 24  Ýahudanyň ogly Zeranyň neslinden Meşzabeliň ogly Petahýa patyşanyň maslahatçysydy, ol halkyň islendik meselesini çözmäge kömek edýärdi. 25  Obalar barada aýtsak, ýahudalaryň käbiri Kirýat⁠-⁠arbada+, Dibonda we olaryň daş⁠-⁠töweregindäki galalarda, Ýekabseýelde+ we daş⁠-⁠töweregindäki obalarda ýaşadylar. 26  Şeýle⁠-⁠de Ýoşuwda, Moladda+, Beýtpeletde+, 27  Hasar⁠-⁠şuwalda+, Beýer⁠-⁠şebada we daş⁠-⁠töweregindäki galalarda, 28  Ziklagda+, Mekonada we daş⁠-⁠töweregindäki galalarda, 29  En⁠-⁠rimmonda+, Zorada+, Ýarmutda, 30  Zanogada+, Adullamda we daş⁠-⁠töweregindäki obalarda, ekin meýdanly Lakyşda+, Azekada+ we daş⁠-⁠töweregindäki galalarda ýaşadylar. Olar Beýer⁠-⁠şebadan Hennem jülgesine+ çenli aralykda ýaşadylar. 31  Benýamin taýpasy Gebada+, Mikmaşda, Aýýada, Beýtelde+ we daş⁠-⁠töweregindäki galalarda, 32  Anatotda+, Nobda+, Ananýada, 33  Hasorda, Ramada+, Gitaýymda, 34  Haditde, Sebogimde, Neballatda, 35  Lotda we senetçileriň jülgesi Onda+ ýaşady. 36  Ýahudada ýaşan käbir lewiler Benýamin topragyna göçdüler.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: bagyş edilenler.
Ýa⁠-⁠da: şäherde ikinji adamdy.