Nehemýa 13:1—31

  • Nehemýanyň eden işleri (1—31)

    • Ondan bir bölegi sadaka bermeli (10—13)

    • Sabat güni hakda kanun (15—22)

    • Başga halklar bilen durmuş gurmaly däl (23—28)

13  Şol gün halkyň öňünde Musanyň kitaby okaldy+. Kitapda ammonlaryň we mowaplaryň+ hiç wagt hak Hudaýyň ýygnagyna goşulyp bilmeýändigi ýazylgydy+.  Sebäbi olar ysraýyllary duz⁠-⁠çörek bilen garşy almandylar. Gaýtam olara gargyş okatmak üçin Bilgamy hakyna tutdular+. Ýöne Hudaýymyz onuň gargyşyny alkyşa öwürdi+.  Halk Kanuny eşiden badyna, başga milletli adamlary ysraýyllaryň arasyndan çykaryp başlady+.  Öňler Hudaýyň öýüniň ammarlaryna*+ Alyýaşyp+ ruhany gözegçilik edýärdi. Ol Tobyýanyň+ garyndaşydy.  Alyýaşyp Tobyýa bir uly ammar beripdi. Şol ammarda galla sadakasy, ladan*, ybadathananyň gap⁠-⁠gaçlary, lewilere+, aýdymçylara, derwezebanlara berilýän gallanyň, täze şerabyň we ýagyň+ ondan bir bölegi hem⁠-⁠de ruhanylara berilýän sadakalar goýulýardy+.  Şol wagtlar men Iýerusalimde däldim, Wawilon patyşasy Ardaşiriň*+ hökümdarlygynyň 32⁠-⁠nji ýylynda+ patyşanyň ýanyna gidipdim. Biraz wagtdan patyşadan rugsat sorap, yzyma gaýtdym.  Iýerusalime gelsem, Alyýaşyp+ hak Hudaýyň öýüniň howlusyndan Tobyýa+ ammar berip, etjegini edip ýören eken.  Gaharyma Tobyýanyň goş⁠-⁠golamlaryny ammardan çykaryp zyňdym.  Soňra ammarlary arassaladyp, hak Hudaýyň öýüniň gap⁠-⁠gaçlaryny+, galla sadakasyny we ladany+ öňki ýerinde goýdum. 10  Görsem, lewileriň hem paýy+ berilmeýän eken+. Şonuň üçin lewiler we aýdymçylar ybadathanadaky hyzmatyny goýup, mülküne gidipdir+. 11  Men baştutanlara+: «Hak Hudaýyň öýüne näme üçin seretmediňiz?»+ diýip käýedim. Soňra lewileri ýygnap, olary öňki borçlaryna belledim. 12  Ýahuda ilaty gallanyň, täze şerabyň we ýagyň ondan bir bölegini+ ammarlara+ getirip başlady. 13  Selimýar ruhanyny, Sadyk mürzäni we lewilerden Pedaýany ammarlara gözegçi edip goýdum, Mattanýanyň agtygy, Zakuryň ogly Hanany bolsa olara kömekçi belledim, sebäbi olar ynamdardy. Olar doganlaryna paýlaryny bermelidi. 14  Eý Hudaýym, eden ýagşylygymy unutma!+ Hudaýyň öýi we hyzmaty üçin ýürekden* eden işlerimi ýatdan çykarma+. 15  Şol wagtlar Ýahudadaky adamlaryň Sabat güni+ üzüm sykýandygyny, eşekde galla daşaýandygyny gördüm. Sabat güni Iýerusalime şerap, üzüm, injir we başga⁠-⁠da zatlary salýardylar+. Men halka käýinç berip, şol gün hiç zat satmaly däldigini aýtdym*. 16  Şäherde ýaşaýan tirliler balyk we her dürli haryt getirip, Sabat güni Iýerusalimde ýahudalara satýardylar+. 17  Şonuň üçin Ýahudanyň beglerine käýäp: «Sabat güni hakdaky kanuny bozup, edip ýören zadyňyz näme? 18  Ata⁠-⁠babalaryňyz şeýle edende, Hudaý biziň hem, şäheriň hem başyna betbagtçylyk indermedimi? Indi sizem Sabat güni hakdaky kanuny bozup, Hudaýyň ysraýyl halkyna gahar⁠-⁠gazabyny lowladýaňyz»+ diýdim. 19  Gün ýaşyp barýarka, ýagny Sabat güni başlamanka, Iýerusalimiň derwezelerini ýapmagy tabşyrdym. Sabat güni geçýänçä, derwezeleri açmaly däldigini aýtdym. Şol gün şähere ýük salmaz ýaly, derwezeleriň agzynda hyzmatkärlerimi hem goýdum. 20  Täjirler we her dürli harytlary satýan söwdagärler birki gezek gije Iýerusalimiň daşynda ýatdylar. 21  Şonda olara berk duýduryş berip: «Gije näme üçin diwaryň öňünde ýatýaňyz? Ýene bir gezek şeýdäýseňiz, kowup goýbererin» diýdim. Şondan soň olar Sabat güni gelmediler. 22  Men lewilere özlerini hemişe tämizlemegi, Sabat gününi mukaddes saklamak üçin+ derwezeleri goramagy tabşyrdym. Eý Hudaýym, eden ýagşylyklarym üçin meni ýalka, çäksiz wepaly söýgiň* bilen bereket ber+. 23  Şol wagtlar ýehudylaryň aşdotly+, ammon we mowap+ aýallara+ öýlenendigini hem gördüm. 24  Olaryň çagalarynyň ýarysy aşdotlylaryň, ýarysy beýleki halklaryň dilinde gepleýärdi, hiç biri ýehudy dilinde gepläp bilmeýärdi. 25  Şonuň üçin olara käýedim, gargadym, käbir erkekleri urup+, saçyny ýoldum. Olara Hudaýyň öňünde ant içirip, şeýle diýdim: «Gyzlaryňyzy olaryň ogullaryna bermäň, olaryň gyzlarynam özüňize ýa ogullaryňyza almaň+. 26  Ysraýyl patyşasy Süleýman şol zatlar sebäpli günä etmedimi? Halklaryň arasynda Süleýmana taý geljek patyşa ýokdy+. Hudaý ony gowy görüp+, tutuş Ysraýyla patyşa edip goýdy. Emma başga milletli aýallary Süleýmana günä etdirdiler+. 27  Ynanar ýaly däl, indi siz hem başga milletli aýallara öýlenip, azgynlyk edip, Hudaýa biwepalyk edýäňiz!»+ 28  Baş ruhany Alyýaşybyň+ ogly Ýoýadanyň+ bir ogly horonly Sanballatyň+ giýewsidi, şonuň üçin ony ýanymdan kowdum. 29  Eý Hudaýym, olary jezasyz goýma!* Olar ruhanylyk borjunyň gadyryny bilmediler, ruhanylar we lewiler+ bilen baglaşylan ähti+ depelediler. 30  Şeýdip, halky başga milletli adamlaryň erbet täsirinden arassaladym. Ruhanylara we lewilere borçlaryny tabşyrdym+, 31  odunyň+ we ilkinji hasylyň wagtynda getirilmegine gözegçilik etdim. Eý Hudaýym, meni ýagşylykda ýatla!+

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: naharhanalaryna.
Sözlüge serediň.
Käbir taryhy kitaplarda Artakserks diýilýär.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgi bilen.
Başga manysy: Şol gün men halka käýinç berip, hiç zat satmaly däldigini aýtdym.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: ýada sal!