Nehemýa 2:1—20

  • Nehemýa Iýerusalimde (1—10)

  • Nehemýa şäheriň diwarlaryny gözden geçirýär (11—20)

2  Ardaşir* patyşanyň+ hökümdarlygynyň 20⁠-⁠nji ýylynyň+ nisan* aýynda patyşanyň öňündäki şeraby alyp, hemişekim ýaly uzatdym+. Şondan öň patyşanyň huzurynda hiç haçan gamgyn bolmandym.  Patyşa menden: «Keýpiň ýok⁠-⁠la, sen syrkawam⁠-⁠a däl. Aladaň barmy?» diýip sorady. Muny eşidip, gaty gorkdum.  Men: «Patyşanyň ömri uzak bolsun! Men neneň gamgyn bolmaýyn?! Ata⁠-⁠babalarymyň şäheri haraba bolup ýatyr, derwezeleri hem otlanypdyr»+ diýdim.  Patyşa: «Näme islegiň bar?» diýip sorady. Men şol bada gökdäki Hudaýa doga etdim+.  Soňra: «Patyşahym, menden razy bolsaň, Ýahuda gidip, ata⁠-⁠babalarymyň şäherini dikeltmäge rugsat ber»+ diýdim.  Ol: «Näçe wagtlyk gitjek bolýaň, haçan geljek?» diýip sorady. Şa aýaly hem patyşanyň ýanynda otyrdy. Yzyma geljek wagtymy aýdanymda+, patyşa meni goýberdi+.  Soňra men: «Patyşahym, Ýewfrat derýasynyň+ günbataryndaky welaýatyň üstünden geçip gitjek bolýaryn. Ýahuda sag⁠-⁠aman barar ýaly, welaýat häkimlerine hat ýazyp beräý.  Şa tokaýyna gözegçilik edýän Asafa⁠-⁠da hat ýazyp beräý. Goý, ol maňa ybadathananyň Gala derwezelerini+, şäheriň diwarlaryny+ gurmak we jaý salmak üçin agaç bersin» diýdim. Patyşa⁠-⁠da hatlary ýazyp berdi+, sebäbi Hudaý meni goldaýardy+.  Men Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň häkimleriniň ýanyna baryp, patyşanyň hatlaryny berdim. Patyşa serkerdelerini, atlylaryny hem ýanyma goşup goýberdi. 10  Beýthoronly Sanballat+ we ammonlardan+ Tobyýa+ emeldar* ysraýyllara biriniň kömek etmäge gelenini eşidip gaharlandylar. 11  Şeýlelikde, Iýerusalime baryp, üç gün boldum. 12  Emma Iýerusalimde Hudaýymyň kömegi bilen etjek işlerim hakda hiç kime aýtmadym. Gije turup, ýanyma birnäçe adamy aldym⁠-⁠da, ýola düşdüm. Men eşeklidim, olar bolsa pyýadady. 13  Gije Jülge derwezesinden+ çykyp, Uly ýylan çeşmesiniň öňünden geçdim⁠-⁠de, Kül derwezesine+ çenli Iýerusalimiň ýykylan diwarlaryny we otlanan derwezelerini gözden geçirdim+. 14  Çeşme derwezesinden+ geçip, Patyşa howzuna gitdim, ol ýerden eşekli geçer ýaly däldi. 15  Şonda⁠-⁠da jülgeden+ ýokarlygyna galyp, diwarlary gözden geçirdim. Soňra ýene Jülge derwezesinden geçip, yzyma gaýtdym. 16  Meniň nirä gidip, näme edendigimden baştutanlaryň+ habary ýokdy, sebäbi ýehudylara, ruhanylara, beglere, baştutanlara we işçilere hiç zat aýtmandym. 17  Soňra olara: «Gözgyny ýagdaýa düşenimizi, Iýerusalimiň haraba bolup ýatanyny, derwezeleriň otlananyny görýänsiňiz. Geliň, ile gülki bolup ýörmän, Iýerusalimiň diwarlaryny dikeldeliň» diýdim. 18  Olara Hudaýymyň eden ýagşylyklaryny*+ we patyşanyň aýdan zatlaryny gürrüň berdim+. Şonda olar: «Ýörüň, gurluşyga başlalyň!» diýişdiler. Adamlar bilini berk guşap, haýyrly işiň ugruna çykdylar+. 19  Muny eşiden beýthoronly Sanballat, ammonlardan+ Tobyýa+ emeldar we Geşem atly arap+ bizi kemsidip, üstümizden gülüp başlady+. Olar: «Edýäniňiz näme? Patyşa garşy çykjak bolýaňyzmy?»+ diýdiler. 20  Men: «Gökdäki Hudaý işimizi oňuna eder+, gurluşyk gowy gider. Siziň Iýerusalimde paýyňyz hem, hakyňyz hem ýok, adyňyz ýatlanar ýaly eden işiňiz hem ýok»+ diýdim.

Çykgytlar

Käbir taryhy kitaplarda Artakserks diýilýär.
Sözme⁠-⁠söz: hyzmatçy.
Ýa⁠-⁠da: meni mähir bilen goldandygyny.