Nehemýa 3:1—32

  • Diwarlaryň dikeldilmegi (1—32)

3  Baş ruhany Alyýaşyp+ bilen beýleki ruhanylar Goýun derwezesini+ gurup başladylar. Derwezäni Hudaýa bagyş edip+, gapylaryny dakdylar. Soňra Meýa diňine+ we Hananel diňine+ çenli diwary gurup, Hudaýa bagyş etdiler.  Olaryň gapdalynda ýerihonlylar+, aňyrsynda bolsa Imriniň ogly Zakur işleýärdi.  Hasenanyň ogullary Balyk derwezesini+ gurdular. Derwezäniň oturdyljak ýerini agaçdan ýasap+, gapylaryny, kiltlerini we gulplaryny dakdylar.  Olaryň gapdalynda Hakosyň agtygy, Uryýahyň ogly Meremot+ işleýärdi, aňyrsynda bolsa Meşzabeliň agtygy, Bereketýaryň ogly Meşullam+ işleýärdi. Olaryň gapdalynda Bagananyň ogly Sadyk işleýärdi.  Aňyrsynda bolsa tekoýalylar+ işleýärdi, emma olaryň at⁠-⁠abraýly adamlary gözegçileriň elinde işlemegi kiçilik bildiler.  Ýoýadanyň ogly Paseýa bilen Besodýanyň ogly Meşullam Köne şäher derwezesini+ bejerdiler. Derwezäniň oturdyljak ýerini agaçdan ýasap, gapylaryny, kiltlerini we gulplaryny dakdylar.  Olaryň gapdalynda gibgonly+ Melatýa we meronotly Ýadon işleýärdi. Olar Ýewfrat derýasynyň+ günbatarynda ýerleşýän welaýatyň häkiminiň golastyndaky Gibgonyň we Mispanyň+ ýaşaýjylarydy.  Olaryň gapdalynda Harhaýaryň ogly Uzyýel zergär işleýärdi, aňyrsynda bolsa atyr ýasaýanlardan Hananýa işleýärdi. Olar Iýerusalimiň Giň diwaryna+ çenli aralyga daş düşediler.  Olaryň aňyrsynda Iýerusalim etrabynyň ýarysyna gözegçilik edýän Huruň ogly Repaýa han işleýärdi. 10  Olaryň gapdalynda Harumabyň ogly Ýedaýa öýüniň öňündäki diwary dikeldýärdi, aňyrsynda bolsa Hasapnaryň ogly Hatuş işleýärdi. 11  Harymyň+ ogly Mälikýar, Pahatmowabyň+ ogly Haşup diwaryň galan bölegini we Tamdyrlar diňini+ dikeldýärdi. 12  Olaryň gapdalynda Iýerusalim etrabynyň ýarysyna gözegçilik edýän Haloheşiň ogly Şalum han gyzlary bilen işleýärdi. 13  Hanun bilen zanogalylar+ Jülge derwezesini+ bejerdiler. Derwezäni gurup, gapylaryny, kiltlerini we gulplaryny dakdylar. Soňra Kül derwezesine+ çenli diwaryň 1 000 tirsek* aralygyny dikeltdiler. 14  Beýt⁠-⁠hakerem+ etrabynyň hany Rehap ogly Mälikýar Kül derwezesini bejerdi. Derwezäni gurup, gapylaryny, kiltlerini we gulplaryny dakdy. 15  Mispa+ etrabynyň hany Kolhoz ogly Şallun Çeşme derwezesini+ bejerdi. Derwezäni gurup, üçegini bejerdi⁠-⁠de, gapylaryny, kiltlerini we gulplaryny dakdy. Soňra Patyşa bagynyň+ golaýyndaky Aryk howzundan+ tä Dawudyň şäherinden+ aşaklygyna gaýdýan Basgançaga+ çenli diwary dikeltdi. 16  Aňyrsynda bolsa Beýtsur+ etrabynyň ýarysyna gözegçilik edýän Azbugyň ogly Nehemýa han Dawudyň şa gonamçylygynyň+ öňünden tä emeli howza+ we Gahrymanlar öýüne çenli diwary dikeltdi. 17  Gapdalynda lewiler işleýärdi. Olara Banynyň ogly Rehum gözegçilik edýärdi, aňyrsynda Kegila+ etrabynyň ýarysyna gözegçilik edýän Hasapýar han öz etraby üçin işleýärdi. 18  Gapdalyndaky diwarlary bolsa doganlary dikeldýärdi. Olara Kegila etrabynyň ýarysyna gözegçilik edýän Henadatyň ogly Begwaý han ýolbaşçylyk edýärdi. 19  Aňyrsynda Mispanyň hany Ýoşuw+ ogly Ezer işleýärdi. Ol Diregiň+ ýanyndaky Gorhananyň öňünden ýokarlygyna gidýän diwaryň galan bölegini dikeldýärdi. 20  Gapdalynda Zabaýyň+ ogly Baruk işleýärdi. Ol işe erjellik bilen ýapyşyp, Diregden tä baş ruhany Alyýaşybyň+ öýüniň gapysyna çenli diwary dikeltdi. 21  Aňyrsynda bolsa Hakosyň agtygy, Uryýahyň ogly Meremot+ Alyýaşybyň öýüniň gapysyndan başlap, öýüniň aýagujuna çenli diwary dikeltdi. 22  Gapdalynda Iordan+ topragynda* ýaşaýan ruhanylar işleýärdi. 23  Olaryň aňyrsynda Benýamin bilen Haşup öýleriniň öňündäki diwary dikeldýärdi. Olaryň gapdalynda bolsa Ananýanyň agtygy, Maseýanyň ogly Azarýa öýüniň ýanyndaky diwary dikeldýärdi. 24  Aňyrsynda Henadatyň ogly Binaý Azarýanyň öýünden tä Direge+ we burça çenli diwary dikeldýärdi. 25  Gapdalynda bolsa Uzaýyň ogly Palal Diregiň öňündäki diwary dikeldýärdi. Ol Garawulhananyň howlusynyň+ ýanyndaky Şa köşgüne+ degip duran ýokarky diňi hem dikeltdi. Aňyrsynda Paroşyň+ ogly Pedaýa işleýärdi. 26  Opelde+ ýaşaýan ybadathana gullukçylary*+ gündogardaky Suw derwezesine+ we diwardan öňe çykyp duran diňe çenli aralygy dikeldýärdi. 27  Olaryň gapdalynda tekoýalylar+ diwaryň galan bölegini dikeldýärdi. Olar diwardan çykyp duran uly diňiň öňünden Opel diwaryna çenli aralygy dikeltdiler. 28  Ruhanylar bolsa Bedew derwezesinden+ ýokarlygyna galýan diwary dikeldýärdi. Olaryň hersi öýüniň öňünde işleýärdi. 29  Olaryň gapdalynda Imeriň ogly Sadyk+ öýüniň öňündäki diwary dikeldýärdi. Aňyrsynda bolsa Gündogar derwezesiniň+ garawuly Şekanýa ogly Şemaýa işleýärdi. 30  Gapdalynda Selimýaryň ogly Hananýa we Zalabyň altynjy ogly Hanun diwaryň galan bölegini dikeldýärdi. Aňyrsynda bolsa Bereketýaryň ogly Meşullam+ öýüniň* öňündäki diwary dikeldýärdi. 31  Gapdalynda zergärlerden Mälikýar Barlag derwezesiniň öňünde ybadathana gullukçylarynyň+ we täjirleriň öýüne çenli aralygy, burçdaky ýokarky otaga çenli diwary dikeldýärdi. 32  Burçdaky ýokarky otag bilen Goýun derwezesine+ çenli diwary bolsa zergärler we täjirler dikeldýärdi.

Çykgytlar

Başga manysy: golaýdaky etrapda.
Sözme⁠-⁠söz: bagyş edilenler.
Ýa⁠-⁠da: otagynyň.