Nehemýa 6:1—19

  • Diwaryň dikeldilmegine garşylyk (1—14)

  • Diwar 52 günde dikeldilýär (15—19)

6  Sanballat, Tobyýa+, Geşem diýen arap+ we başga⁠-⁠da duşmanlarymyz ýumrulan diwary doly dikeldendigimi+ eşitdiler. Şol wagt derwezeleriň gapylaryny heniz oturtmandym+.  Sanballat bilen Geşem dessine maňa habar ýollap: «Gel, bir gün On+ jülgesindäki obada görşeli» diýdiler. Olaryň niýeti gowy däldi.  Men çapar ýollap: «Wajyp işim bar, ýanyňyza baryp bilmerin. Gitsem, iş durar» diýdim.  Emma olar maňa dört gezek habar ýolladylar, men bolsa her gezek şol bir jogaby berýärdim.  Sanballat hyzmatkäriniň eline möhürlenmedik hat berip, maňa bäşinji gezek habar ýollady.  Hatda şeýle sözler bardy: «Il⁠-⁠günüň we Geşemiň+ aýtmagyna görä, sen ýehudylar bilen gozgalaň turuzjak bolýarmyşyň+. Diwary hem şonuň üçin dikeldýärmişiň, eşidişime görä, sen patyşa boljak bolýarmyşyň.  „Ýahudanyň patyşasy bar!“ diýip, özüň hakda Iýerusalimde jar çekdirmek üçin pygamberleri hem belläpsiň. Edilýän gürrüňler patyşanyň gulagyna⁠-⁠da ýeter. Gel, şonuň üçin maslahatlaşyp, meseläni çözeli».  Men: «Aýdýan zatlaryň ýalan, özüň toslap tapypsyň» diýip jogap berdim.  Olar bizi gorkuzjak bolýardylar. Öz aralarynda: «Olaryň elini işden sowadyp, gurluşygy saklarys»+ diýýän ekenler. Men: «Eý Hudaý, maňa güýç ber»+ diýip doga etdim. 10  Soňra men Mehetabeliň agtygy, Delaýanyň ogly Şemaýanyň öýüne gitdim, ol öýünden çykman oturan eken. Şemaýa maňa: «Gel, hak Hudaýyň öýüne, ybadathana girip, gapylaryny gulplaly, seni öldürjek bolýarlar. Gije seni öldürmäge gelerler» diýdi. 11  Men bolsa: «Heý⁠-⁠de, meniň ýaly adam gaçyp gizlenermi? Ybadathana girsem, ölüme höküm edilmerinmi?+ Ýok, girmerin!» diýdim. 12  Görüp otursam, Tobyýa bilen Sanballat+ maňa garşy pygamberlik etdirmek üçin Şemaýany hakyna tutupdyr, ony Hudaý ibermändir. 13  Ol meni gorkuzyp, günä etdirmek üçin hakyna tutulan eken. Olar meni abraýdan düşürip, masgaralajak bolupdyr. 14  Men: «Eý Hudaý, Tobyýa+ bilen Sanballatyň eden ýamanlygyny, pygamber aýal Nowadýany we beýleki pygamberleri unutma, olar meni gaýta⁠-⁠gaýta gorkuzjak boldy» diýip doga etdim. 15  Şeýlelikde, elul* aýynyň 25⁠-⁠ne, 52 günde diwaryň gurluşygy tamamlandy. 16  Muny gören⁠-⁠eşiden duşmanlar we goňşy halklar masgara boldular+. Olar gurluşygy Hudaýyň kömegi bilen edenimize düşündiler. 17  Şol wagtlar Ýahudanyň begleri+ Tobyýa köp hat iberýärdiler, Tobyýa hem jogap berýärdi. 18  Ýahudalaryň köpüsi Tobyýanyň tarapyny tutjakdygyna ant içipdi, sebäbi ol Arahyň+ ogly Şekanýanyň giýewsidi, ogly Ýehohanan hem Bereketýaryň ogly Meşullamyň+ gyzyna öýlenipdi. 19  Olar meniň ýanymda Tobyýany hemişe öwýärdiler, agzymdan çykan her sözi bolsa oňa ýetirýärdiler. Tobyýa bolsa meni gorkuzjak bolup, hat baryny ugradardy+.