Nehemýa 9:1—38
9 Şol aýyň 24-ne ähli ysraýyllar ýygnandy. Olar jul geýnip, başyndan gum sowrup, agyz beklediler+.
2 Olar başga halklar bilen gatnaşygyny kesipdi+. Adamlar ýerinden turup, özleriniň-de, ata-babalarynyň-da günälerini boýun aldylar+.
3 Olar aýak üstünde durup, üç sagada golaý* Ýehowa Hudaýyň kanunyny okadylar+, ýene üç sagada golaý* günälerini boýun alyp, Ýehowa tagzym etdiler.
4 Ýoşuw, Bany, Kadmyýal, Şebanýa, Buna, Şerebýa+, Bany we Henan lewiler üçin goýlan sekide+ durup, batly ses bilen Ýehowa Hudaýa doga etdiler.
5 Lewilerden Ýoşuw, Kadmyýal, Bany, Hasapnar, Şerebýa, Hudaýar, Şebanýa we Petahýa şeýle diýdiler: «Geliň, Ýehowa Hudaýy hemişe* şöhratlandyralyň!+ Eý Hudaý, goý, halkyň beýik adyňy arşa galdyrsyn. Seniň adyň öwgä we şöhrata mynasyp!
6 Ýehowa, sen ýeke-täk Hudaýsyň+. Gökleri, gök gümmezini, asman jisimlerini*, ýer ýüzüni, deňizleri, bar zady sen ýaratdyň. Ählisine ýaşaýyş berýän sensiň, gökleriň goşuny öňüňde dyz epýär.
7 Eý Ýehowa, Ybramy saýlap+, haldeýleriň Ur şäherinden+ çykarypdyň. Oňa Ybraýym adyny beren hak Hudaý sensiň+.
8 Ybraýymyň ýürekden wepalydygyny görüp+, oňa we nesline kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, ýabuslaryň, girgaşlaryň ýurduny berjekdigiňi aýdyp, äht baglaşdyň+. Ähli wadalaryňy ýerine ýetirdiň, sebäbi sen dogruçyl Hudaý!
9 Ata-babalarymyzyň Müsürde çeken jebir-jepasyny gördüň+, Gyzyl deňziň boýunda ahy-nalasyny eşitdiň.
10 Halkyňa zorluk-sütem+ edeni üçin, faraona, hyzmatkärlerine, tutuş ýurduna alamatlar we gudratlar görkezdiň+. Şeýdip, özüňe hiç wagt öçmejek at gazandyň+.
11 Halkyň öňünde deňzi ikä bölüp+, olary gury ýerden geçirdiň, duşmanlary bolsa suwuň düýbüne çümüp gidýän daş kimin gark etdiň+.
12 Halkyňa gündiz bulut sütüni, gije ot sütüni bilen ýol görkezdiň+.
13 Sinaý dagyna+ indiň, gökden sesiňi eşitdirip+, adalatly hökümleriňi, dogry* kanunlaryňy, peýdaly tabşyryklaryňy we düzgünleriňi berdiň+.
14 Mukaddes Sabat günüňi+ bellemegi öwredip, guluň Musa arkaly kanun, tabşyryk we düzgün berdiň.
15 Halkyň aç wagty gökden çörek berip+, suwsanda gaýadan suw akdyrdyň+. Olara ant içip*, wada beren ýurduňa girmegi tabşyrdyň, ýurdy mülk edip berdiň.
16 Emma ata-babalarymyz tekepbirlik we boýnuýogynlyk etdiler+. Tabşyryklaryňa gulak asmadylar,
17 diňlemek hem islemediler+. Olar üçin görkezen gudratlaryňy ýada salman, boýnuýogynlyk etdiler. Gul bolup ýaşan ýurdy Müsüre dolanmak üçin özlerine ýolbaşçy bellediler+. Emma sen bagyşlamaga taýyn, mähirli*, rehimdar, giň göwünli*, wepaly söýgä* baý+ Hudaý, şonuň üçin olary taşlamadyň+.
18 Olar göläniň butuny* ýasap: „Ine bizi Müsürden çykaran Hudaýymyz“+ diýip, seni äsgermezlik etseler-de,
19 rehim-şepagat edip, olary çölde taşlamadyň+. Gündiz bulut sütüni, gije ot sütüni bilen ýol görkezdiň+.
20 Olara mukaddes ruhuň* bilen akyl-paýhas berdiň+, iýjek çöregini* agzyndan kesmediň+, teşne wagty suwdan gandyrdyň+.
21 Olary 40 ýyllap çölde aç-hor etmediň+, hiç zada zar bolmadylar. Egnindäki eşikleri-de könelmedi+, aýaklary-da gabarmady.
22 Patyşalyklary we halklary olaryň eline berip, mülk paýladyň+. Olar Heşbon+ hany Sihonyň+ we Başan hany Oguň+ ýurduny basyp aldylar.
23 Olaryň neslini asman ýyldyzlary deý köpeltdiň+. Olary ata-babalaryna wada beren ýurduňa getirdiň+.
24 Ýurdy ogullaryna mülk edip berdiň+. Ýurtda ýaşaýan kenganlary olara boýun egdirdiň+. Patyşalary bilen halkyny-da olaryň eline berip, islän zadyny etdirdiň.
25 Olar galalary+, mes toprakly ýerleri+ basyp alyp, gymmatbaha zatdan doly öýlere, gazylan guýulara, üzümliklere, zeýtun baglaryna+ we miweli agaçlara eýe çykdylar. Bolelin iýip semrediler, eden ýagşylyklaryň hözirini gördüler.
26 Emma olar saňa gulak asmadylar, garşy çykyp+, Kanunyňy bozdular*. Olary dogry ýola salmak üçin iberen pygamberleriňi öldürip, seni äsgermezlik etdiler+.
27 Şol sebäpli olary zalym duşmanlaryň eline berdiň+. Kyn güne düşüp, dady-perýat edenlerinde bolsa gökden olary eşidip, rehim-şepagat etdiň. Olary duşmanlaryň elinden azat etmek üçin halasgärleri iberdiň+.
28 Emma olar erkinlige çykan badyna, ýene-de erbet işleri ederdiler+. Şonda olary terk edip, sütem edýän duşmanlaryň eline bererdiň+. Saňa dolanyp, kömek sorasalar+, gökden eşidip, rehim-şepagatyň bilen gaýta-gaýta halas ederdiň+.
29 Kanunyňy berjaý etmäge çagyrsaň-da, tekepbirlik edip, tabşyryklaryňa gulak asmadylar+, kanunlaryňy berjaý etmän, günä etdiler. Aslynda, kanunlaryňa eýerýän adam ýaşaýşa ýetýär+. Olar bolsa kesirlik edip, senden ýüz öwürdiler, boýnuýogynlyk edip, gulak asmadylar.
30 Sen ençeme ýyllap olara sabyr etdiň+, pygamberleriňe mukaddes ruhuňy berip, halkyňa köp gezek duýdurdyň, şonda-da gulak asmadylar. Ahyrsoňy olary daş-töwerekdäki halklaryň eline berdiň+.
31 Emma rehim-şepagatyň bilen olary bütinleý ýok etmediň+, terk etmediň, sebäbi sen mähirli* we rehimdar Hudaý+.
32 Eý Hudaýymyz! Beýik, güýçli, haýbatly, sözünde durýan*, wepaly söýgä baý Hudaý!+ Assiriýa+ patyşalarynyň döwründen bäri patyşalarymyz, han-beglerimiz+, ruhanylarymyz+, pygamberlerimiz+, ata-babalarymyz, tutuş halk görgi baryny gördi. Ýalbarýarys, bize nazar sal.
33 Nähili güne düşsek-de, sen hemişe adalatly hereket edýärdiň, sebäbi sen wepaly Hudaý. Biz bolsa erbet işleri etdik+.
34 Patyşalarymyz, han-beglerimiz, ruhanylarymyz, ata-babalarymyz Kanunyňy berjaý etmedi, tabşyryklaryňa we duýduryşlaryňa ünsli bolmady.
35 Patyşalarymyzyň höküm sürýän wagty birgiden ýagşylyklaryň hözirini görseler-de, olary mes toprakly, giň ýurtda ýaşatsaň-da, saňa gulluk etmediler+, ýamanlykdan el çekmediler.
36 Indi biz gul bolduk+, ir-iýmişlerini we näz-nygmatlaryny iýsin diýip, ata-babalarymyza beren ýurduňda gul bolup ýaşaýarys.
37 Patyşalar ýurduň bol hasylyny elimizden alýar, muňa özümiz günäkär+. Olar bizi ezip, mal-garamyza islän zadyny edýär, juda kyn ýagdaýa düşdük.
38 Indi biz äht baglaşmak isleýäris+. Ähtiň sözlerini ýazyp, han-begleriň, lewileriň we ruhanylaryň möhürini basarys»+.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: günüň dörtden bir böleginde.
^ Sözme-söz: beýleki dörtden bir böleginde.
^ Ýa-da: ezelden ebedä çenli.
^ Sözme-söz: gögüň goşunlaryny. Perişdeler hem göz öňünde tutulýan bolmaly.
^ Ýa-da: ynama mynasyp.
^ Sözme-söz: eliňi galdyryp.
^ Ýa-da: sabyr-takatly; çalt gaharlanmaýan.
^ Ýa-da: duýgudaş.
^ Ýa-da: guýma butuny.
^ Sözme-söz: mannasyny.
^ Sözme-söz: gowy ruhuň.
^ Ýa-da: ýüz öwürdiler.
^ Ýa-da: duýgudaş.
^ Ýa-da: ähtini berjaý edýän.