Süleýmanyň aýdymy 1:1—17
1 Süleýmanyň düzen iň gowy aýdymy+:
2 «Öpsün meni lebleriň,Şerapdan süýjüdir söýgiň+.
3 Bark urýar müşk-anbaryň+,
Atyr deý ýakymlydyr adyň+,
Arzuwy sen her bir gyzyň.
4 Meni çadyryna getirdi patyşa.
Gel ýanyma, bile gaçaly,
Şatlanyp, göwün açaly!
Şerapdan süýji söýgiňi wasp edeli.
Sen gyz kalbynyň soltany.
5 Eý Iýerusalim gyzlary, Kedar çadyry+ deý gara bolsam-da,Süleýmanyň çadyry deý owadandyryn+.
6 Gara diýip beýle seretmäň maňa,Gün şöhlesi saldy meni bu hala.
Süýtdeş doganlarym gaharyna,Garawul goýdular üzüm bagyna,Seredip ýetişmedim öz bagyma.
7 Eý söwer ýarym, aýtsana!Nirede bakýarsyň goýun süriňi+,Nirede düşleýärsiň günortan çagy?
Ýas tutýan zenan ýaly bürenjekli gezmäýin,Dostlaryň sürüsiniň arasynda ýörmäýin».
8 «Biler bolsaň, gözelleriň soltany,Yzlap git sen sürüleriň yzyny,Çopan çadyryna golaý bak owlaklaryňy».
9 «Eý näzenin, boý-syratyň gözeldir,Faraonyň arabasyna goşulan baýtal ýalydyr+.
10 Ýaňagyňa gulakhalka* gelişýär,Boýnuňa monjuk ýaraşýar.
11 Altyndan täç ýasarys başyňa,Kümüşden nagyş çekeris daşyna».
12 «Patyşa bilen otyryn saçak başynda,Atyrymyň+ ysy ýaýraýar töwerek-daşa.
13 Gijesine döşümde mür*+ haltasy,Jana şeýle hoş ýakar ýarymyň ysy.
14 En-gedi+ üzüm bagy gözeldir,Ezizim içinde bir desse güldür*»+.
15 «Sen neneňsi owadan, näzli ýarym,
Sen neneňsi gözel, gögerçin gözlim»+.
16 «Eý aşygym, sen görmegeý, owadan+,
Düşegimiz bolsun al-ýaşyl meýdan.
17 Kedr agajy öýümiziň diregi,Arçadandyr öýümiziň üçegi.