Süleýmanyň aýdymy 6:1—13
6 «Söwer ýaryň nirä gitdi,Eý gyzlaryň gözeli?
Söýgüliň haýsy ýoldan gitdi?
Gel, gözläp tapaly».
2 «Ezizim gitdi öz bagyna,Atyr saçýan gülzarlygyna,Gök otlukda mal bakmaga,Hem çigildem ýygmaga+.
3 Men söýgülimiňki,Ol hem meniňki+.
Çigildemler içinde bakar malyny»+.
4 «Eý näzenin, Tirsa*+ deý gözelsiň+,Iýerusalim deý owadansyň+,Baýdagy parlaýan goşun deý haýbatlysyň+.
5 Maňa beýle seretme+,Ýüregimi eretme.
Gilead daglaryndan inip gelýänGeçi sürüsine meňzeýär saçyň+.
6 Ýuwlup, suwdan çykyp gelýän,Goýun sürüsine meňzär dişleriň.Her biriniň taýy bardyr,Ekiz taýy ýiten däldir.
7 Bürenjegiň astynda,Enar deý al ýaňaklaryň.
8 Bolsa-da altmyş aýalym,Segsen gyrnagym,Ençeme kenizim+,
9 Ýöne sen ýeke-täksiň,Gögerçinim+, birkemsizim.
Ejesiniň ýekeje gyzy,
Enesiniň göz guwanjy*.
Seni görüp, gyzlar: „Bagtly“ diýýär,Şa aýallar, gyrnaklar taryp edýär.
10 „Kim ol daň şapagy deý ýagty saçýan,Dolan Aý deý şöhle saçýan?Kim ol güneş deý nurana?*Haýbatly goşun deý goýýar haýrana“»+.
11 «Hoz bagyna+ ýola düşdüm,Görsem diýip gök deräni,Pyntyklan üzüm bagyny,Gül açan nar agajyny.
12 Oý-hyýala batyp, özümem bilmän galdym,Han-begleriň* arabasynyň üstünden bardym».
13 «Şulamly gyz, dolan yzyňa,
Bäri gel, gel bäri,Owadan keşbiňe bakaly!»
«Näme üçin seretjek şulamly gyza?»+
«Meňzeýär ol Mahanaýym* tansyna».
Çykgytlar
^ Ýa-da: Şöhratly şäher.
^ Sözme-söz: päk gyzy.
^ Sözme-söz: arassa?
^ Ýa-da: Meýletin gulluk edýän adamlaryň.
^ Ýa-da: iki düşelgäniň.