Zekerýa 1:1—21
1 Dariý patyşanyň hökümdarlygynyň ikinji ýylynyň+ sekizinji aýynda Ýehowa Ydonyň agtygy, Bereketýaryň ogly Zekerýa* pygambere+ şeýle diýdi:
2 «Ýehowanyň ata-babalaryňyza örän gahary gelipdi+.
3 Halka Serkerdebaşy Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Maňa dolanyň — muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar. — Menem size dolanaryn“+. Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.
4 Ata-babalaryňyza meňzemäň. Geçmişde pygamberler olara: „Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Ýalbarýaryn, erbet ýollaryňyzy, zalym işleriňizi taşlaň“+ diýipdi.
„Emma olar gulak asmadylar, maňa ünsem bermediler“+. Muny Ýehowa aýdýar.
5 „Hany, ata-babalaryňyz nirede? Pygamberleriň ebedi ýaşany barmy?
6 Eýsem, pygamber gullarymyň aýdan sözleri, meniň permanlarym ata-babalaryňyzyň günlerinde berjaý bolmadymy näme?“+ Olar toba edip: „Serkerdebaşy Ýehowa ýörän ýollarymyza we eden etmişlerimize görä näme etjek diýen bolsa, şony hem etdi“ diýip, maňa dolandylar»+.
7 Dariý patyşanyň hökümdarlygynyň ikinji ýylynda+, 11-nji aýda, ýagny şebat* aýynyň 24-ne Ydonyň agtygy, Bereketýaryň ogly Zekerýa pygambere Ýehowa şeýle görnüş* berdi:
8 «Gijäniň ýarydy. Jülgede reýhan* agaçlarynyň arasynda gyzyl atly biri durdy, yzynda gyzyl, dor* we ak atlylar hem bardy.
9 Şonda men: „Agam, olar kim?“ diýip soradym.
Meniň bilen gepleşip duran perişde: „Olaryň kimdigini saňa görkezeýin“ diýdi.
10 Reýhan agaçlarynyň arasynda duran atly şeýle diýdi: „Ýehowa olara ýer ýüzüne aýlanyp çykmagy tabşyrdy“.
11 Atlylar reýhan agaçlarynyň arasynda duran Ýehowanyň perişdesine şeýle diýdiler: „Biz ýer ýüzüne aýlandyk. Bütin ýer ýüzi asuda hem parahat eken“+.
12 Ýehowanyň perişdesi şeýle diýdi: „Eý Serkerdebaşy Ýehowa, 70 ýyllap+ Iýerusalime we Ýahuda şäherlerine gaharlandyň+. Sen indi olara haçan rehim edersiň?“
13 Ýehowa meniň bilen gepleşen perişdä mähirli sözleri aýdyp, göwünlik berdi.
14 Soňra meniň bilen gepleşip duran perişde maňa şeýle diýdi: „Yglan et, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Iýerusalime we Siona bolan söýgim lowlap ýanýar. Men olary gabanjaňlyk bilen goraryn+.
15 Tekepbir halklara örän gaharym gelýär+, sebäbi halkyma az-kem temmi bermekçidim+. Olar bolsa halkyma köp azar berdiler“+.
16 Şol sebäpli Ýehowa şeýle diýýär: „Men Iýerusalime dolanaryn, oňa rehim ederin+. Şäherde meniň öýümi gurarlar+ — muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar. — Bütin Iýerusalimi ölçeg ýüpi bilen ölçärler“+.
17 Bar-da, ýene yglan et: „Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Şäherlerime ýene-de bereket ýagar. Ýehowa ýene-de Siona göwünlik berer+, Iýerusalimi saýlar“»+.
18 Soňra men ýokarda dört şah+ gördüm.
19 Meniň bilen gepleşip duran perişdeden: «Olar näme?» diýip soradym. Ol hem: «Olar Ýahudany+, Ysraýyly+ we Iýerusalimi+ derbi-dagyn eden şahlardyr» diýdi.
20 Ýehowa maňa dört ussany görkezdi.
21 Men: «Olar näme etmekçi bolýar?» diýip soradym.
Ol hem şeýle diýdi: «Şahlar Ýahuda şeýle bir azar berdiler welin, hiç kim başyny galdyryp bilmedi. Ussalar olary howsala düşürer, Ýahuda ýurduny süsüp dargadan milletleriň şahlaryny döwer».