Zekerýa 10:1—12
10 «Ýehowadan ýaz ýagşyny diläň.
Gara bulutlary döredýän,Adamlar üçin ýagmyr ýagdyrýan+,Sährada ot gögerdýän Ýehowadyr.
2 Maşgala butlary* aldaýar*,Palçylar ýalan görnüşleri* görýär.
Olar biderek düýşleri aýdýar,Boş ýere teselli berýär.
Şonuň üçin halk goýunlar ýaly azaşar,
Çopany bolmansoň, köp azap çeker.
3 Çopanlara gaharym gelýär,Zalym baştutanlardan* hasabat soraryn.Sebäbi Serkerdebaşy Ýehowa sürüsine+,Ýahuda öýüne nazar saldy,Olary söweş meýdanyndaky ýyndam at kimin etdi.
4 Ýahudadan serdar*,Halkyň arkasyny tutjak hökümdar* dörär.Ondan ýaýçy we baştutan çykar.Olaryň hemmesi ondan dörär.
5 Olar edermen esgerler ýaly bolar,Söweşde köçäniň batgalygyny depelär.
Olar söweşerler, sebäbi Ýehowa halkyny goldar+,Duşmanlaryň atlylary masgara bolar+.
6 Men Ýahuda öýüni hemmelerden güýçli ederin,Ýusubyň öýüni halas ederin+.
Olary öz topragyna gaýtaryp getirerin,Rehim ederin+,Olar hiç haçan terk edilmedik ýaly bolar+.Sebäbi men Ýehowa, olaryň Hudaýydyryn,Dilegine jogap bererin.
7 Efraýymlar edermen esger bolar,Olar şerap içen adam kimin begener+.
Olaryň ogullary muny görüp şatlanarlar,Ýehowanyň eden işine ýürekden begenerler+.
8 „Sykylyk çalyp, olary bir ýere jemlärin,Men olar üçin töleg tölärin+, olar köpelerler,Olaryň sany gitdigiçe artar.
9 Men olary tohum sepen ýalyHalklaryň arasyna dargadaryn,Olar meni uzak ýurtlarda ýatlarlar.Olaryň ogullary täzeden güýç alyp, yzyna dolanarlar.
10 Men olary Müsürden çykararyn,Assiriýadan alyp gaýdaryn+,Gilead+ we Liwan topragyna getirerin,Olara ýurt azlyk eder+.
11 Men deňzi böwsüp geçerin.Deňiz tolkunlaryny lerzana getirerin+,Nil derýasynyň düýbüni guradaryn.
Tekepbir Assiriýany peselderin,Müsüriň şalyk hasasyny elinden alaryn+.
12 Men Ýehowa, olary hemmelerden güýçli ederin+,Olar meniň adym bilen ýörärler“+. Muny Ýehowa aýdýar».
Çykgytlar
^ Ýa-da: jadyly hem syrly zatlary aýdýar.
^ Sözme-söz: tekelerden.
^ Sözme-söz: burç küňresi. Ygtyýarly adamy, baştutany suratlandyrýar.
^ Sözme-söz: asgyç. Halky goldaýan adamy, hökümdary suratlandyrýar.