Zekerýa 11:1—17
11 «Eý Liwan, gapylaryňy aç!Ot kedr agaçlaryňy ýakyp kül etsin.
2 Arça agajy, dady-perýat et, sebäbi kedr agajy ýykyldy,Ajaýyp daragtlar ýok edildi.
Başanyň dub agaçlary, ahy-nala ediň,Sebäbi gür tokaý weýran boldy.
3 Diňläň! Çopanlar zaryn-zaryn aglaýar,Sebäbi olar şan-şöhratyndan mahrum boldy.
Diňläň! Ýolbarslar arlaýar,Sebäbi Iordanyň boýundaky jeňňellik ýok boldy.
4 Ýehowa Hudaýym şeýle diýýär: „Soýulmaga äkidiljek sürä çopançylyk et+.
5 Sürini satyn alanlar olary soýsalar-da+, günäkär hasaplanmaýar. Olary satýanlar+ bolsa: „Ýehowa şükür, indi men baýaryn“ diýýär. Çopanlaryň sürä nebsi agyrmaýar“+.
6 Mundan beýläk ýurduň ilatyna rehimim inmez — muny Ýehowa aýdýar. — Her kesi goňşusynyň, patyşasynyň eline tabşyraryn. Olar ýurdy tozdurarlar. Men olary hiç biriniň elinden halas etmerin».
7 Süriniň ejiz goýunlary! Men siziň hatyraňyza soýuljak goýunlaryň çopany boldum+. Men iki taýak alyp, birine «Ýagşylyk», beýlekisine bolsa «Agzybirlik»+ diýdim-de, sürini bakyp başladym.
8 Bir aýyň içinde üç çopany kowdum. Sebäbi olar sabyr käsämi doldurdylar. Olar meni ýigrendiler.
9 Men şeýle diýdim: «Indi sizi bakmaryn. Goý, ölen ölsün, gyrlan gyrylsyn. Diri galanlar biri-biriniň etini iýsin».
10 Men «Ýagşylyk»+ taýagyny aldym-da, döwdüm. Şeýdip, halk bilen baglaşan ähtimi bozdum.
11 Şol günüň özünde äht bozuldy. Maňa seredip duran ejiz goýunlar Ýehowanyň sözüniň ýerine ýetendigini gördüler.
12 Soňra men olara şeýle diýdim: «Eger makul bilseňiz-ä, hakymy beriň, makul bilmeseňiz, onda bermäň». Şonda olar maňa 30 kümüş teňňe+ berdiler.
13 Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Olaryň bar beren haky şumy?!+ Bar, muny hazyna at». Men 30 kümüş teňňäni alyp, Ýehowanyň öýündäki hazyna atdym+.
14 Men Ýahuda bilen Ysraýylyň arasyndaky doganlygy bozmak üçin+ «Agzybirlik»+ diýlen ikinji taýagy döwdüm.
15 Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Indi bolsa ýaramaz çopanyň+ goş-golamyny al.
16 Men ýurda bir çopan ibererin. Ol çalajan ýatan goýunlaryň aladasyny etmez+. Guzulary agtarmaz, ýaralaryny saramaz+, sagdynlaryna ot-iým bermez. Gaýtam ol semizlerini ýalmap ýuwudar+, toýnaklaryny goparar+.
17 Dereksiz çopanym, waý günüňe!+ Sen sürini taşlap gitdiň+.
Gylyç goluňa we sag gözüňe ýara salar.
Goluň gurar, sag gözüň kör bolar».