Zekerýa 12:1—14
12 Habar.
«Ýehowanyň Ysraýyl babatda aýdan sözi».Gök gümmezini ýaýan+,Ýeriň düýbüni tutan+,Ynsana ýaşaýyş demini beren Ýehowa şeýle diýýär:
2 «Men Iýerusalimi şeraply käse kimin ederin. Ol daş-töweregindäki halklaryň ählisini serhoş eder. Ýahuda hem, Iýerusalim hem gabawa düşer+.
3 Şol gün Iýerusalimi bütin halklar üçin agyr daş ederin. Ony galdyranlar agyr ýaralanar+. Ýer ýüzüniň halklary oňa garşy çykmak üçin ýygnanyşar+.
4 Şol gün atlary howsala salaryn — muny Ýehowa aýdýar. — Atlylary akylyndan azaşdyraryn. Gözüm Ýahuda öýünde bolar. Halklaryň ähli atlaryny kör ederin.
5 Ýahuda tirebaşylary içinden: „Iýerusalim ilaty biziň güýç-kuwwatymyz, sebäbi olaryň Hudaýy Serkerdebaşy Ýehowadyr“+ diýer.
6 Şol gün men Ýahuda tirebaşylaryny agaçlaryň arasyndaky lowlaýan ot kimin, ýaňy orlan bugdaý desselerine düşen alaw ýaly ederin+. Olar sagyndaky we çepindäki halklary ýakyp kül eder+. Iýerusalim ilaty öňki ýerinde, Iýerusalimde ýaşar+.
7 Dawut öýüniň we Iýerusalim ilatynyň şöhraty Ýahudanyňkydan aşa beýik bolmasyn diýip, Ýehowa ilki bilen Ýahuda çadyrlaryny halas eder.
8 Şol gün Ýehowa Iýerusalim ilatyny galkan kimin gorar+. Olaryň iň ejizi Dawut ýaly güýçli bolar. Dawut öýi olara Hudaý ýaly, Ýehowanyň perişdesi ýaly ýol görkezer+.
9 Şol gün Iýerusalime garşy çykan her bir halky ýok ederin+.
10 Men Dawut öýüne we Iýerusalim ilatyna ruhumdan bererin, olar meni razy ederler, maňa dady-perýat ederler. Olar naýza bilen sanjylana serederler+. Olar ýalňyz ogly üçin ýas tutýan ýaly aglarlar. Nowbahar ogly üçin ahy-nala çekýän ýaly dady-perýat ederler.
11 Şol gün Megiddo düzlügindäki+ Hadatrimmonda bolşy ýaly, Iýerusalimde hem zar-zar aglarlar.
12 Tutuş ýurt ahy-nala çeker. Her maşgala aýry-aýry aglar. Dawut öýi aýry, aýallary aýry, Natan+ öýi aýry, aýallary aýry,
13 Lewi+ öýi aýry, aýallary aýry, şimeýler+ aýry, aýallary aýry,
14 galan ähli maşgalalar aýry, aýallary aýry aglar.