Zekerýa 14:1—21
14 «Ine, Ýehowanyň güni ýetip gelýär, şol gün senden* alnan zatlary gözüň alnynda paýlaşarlar.
2 Men ähli halklary Iýerusalime garşy söweşmek üçin ýygnaryn. Olar şäheri basyp alarlar, öýleri talarlar, aýallary zorlarlar. Şäher ilatynyň ýarysy sürgün ediler, galany şäherde galar.
3 Ýehowa aýaga galyp, söweş gününde bolşy ýaly, duşman halklar+ bilen söweşer+.
4 Şol gün onuň aýagy Iýerusalimiň gündogaryndaky Zeýtun dagynyň+ üstünde bolar. Zeýtun dagy gündogardan günbatara* tarap ikä bölünip, giň jülgäni emele getirer. Dagyň ýarysy demirgazyga, ýarysy günorta tarap süýşer.
5 Siz daglarymyň arasyndaky jülgä gaçyp gutularsyňyz, sebäbi daglaryň arasyndaky jülge Asele çenli uzalyp gider. Ýahuda patyşasy Uzyýanyň günlerinde bolan ýertitremede+ gaçyşyňyz ýaly gaçarsyňyz. Şonda meniň Hudaýym Ýehowa ähli mukaddesleri bilen geler+.
6 Şol gün nur saçylmaz+, ähli zat doňup galar.
7 Şol gün aýratyn bir gün bolar, oňa Ýehowanyň güni diýler+. Şol gün gije-gündiziň tapawudy bilinmez. Agşam düşse-de, ol ýer ýagty bolar.
8 Şol gün Iýerusalimden ýaşaýyş suwy+ akar+. Onuň ýarysy gündogar deňzine*+, beýlekisi günbatar deňzine*+ akar. Tomusda-da, gyşda-da şeýle bolar.
9 Ýehowa tutuş ýer ýüzüniň Patyşasy bolar+. Şol gün diňe Ýehowa sežde ederler+, diňe onuň adyna alkyş aýdarlar+.
10 Gebadan+ tä Iýerusalimiň günortasyndaky Rimmona+ çenli tutuş ýurt Araba jülgesi+ ýaly bolar. Iýerusalim öňki ýerinde dikeldiler+. Şäher ilaty Benýamin derwezesinden+ tä Birinji derwezä we Burç derwezesine çenli, Hananel diňinden+ patyşanyň üzüm sykylýan çukurlaryna çenli ähli ýerde mesgen tutar.
11 Indi ol ýer hiç haçan näletlenip weýran edilmez+, onda adamlar ýaşar. Iýerusalim ilaty asuda ömür sürer+.
12 Ýehowa Iýerusalime garşy söweşen ähli halklary mergä uçradar+. Olaryň bedenleri duran ýerlerinde, gözleri hanasynda, dilleri agyzlarynda çüýrär.
13 Şol gün Ýehowa olary howsala salar. Her kes ýanynda duran adama ýapyşar, bir-birlerine el galdyrarlar+.
14 Ýahuda hem Iýerusalimdäki söweşe gatnaşar. Olar goňşy halklaryň baýlygyny, birgiden altyn-kümşüni we geýimlerini üýşürerler+.
15 Atlara-da, gatyrlara-da, düýelere-de, eşeklere-de, duşman düşelgesindäki ähli mal-gara-da mergi deger.
16 Iýerusalime garşy çykan halklaryň galanlary Patyşa, Serkerdebaşy Ýehowa tagzym etmek*+ we Çatma baýramyny bellemek+ üçin her ýyl Iýerusalime gelerler+.
17 Eger ýer ýüzündäki halklardan biri Patyşa, Serkerdebaşy Ýehowa tagzym etmek üçin Iýerusalime gelmese, topragyna ýagmyr ýagmaz+.
18 Eger Müsür halky hem gelip, şähere girmese, olar hem ýagyş görmez. Ýehowa Çatma baýramyny bellemedik halklary edişi ýaly, olary-da mergä uçradar.
19 Ine, Müsüre we başga halklara berlen jeza şeýledir. Sebäbi olar Çatma baýramyny bellemäge gelmän günä gazandylar.
20 Şol gün bedewleriň jaňjagazlarynda „Ýehowa mukaddesdir!“*+ diýen ýazgy bolar. Ýehowanyň öýüniň gazanlary+, gurbanlyk ojagynyň* öňündäki jamlar+ ýaly mukaddes bolar.
21 Iýerusalimdäki, Ýahudadaky her bir gazan mukaddes bolar, olar Serkerdebaşy Ýehowanyňky bolar. Gurbanlyk bermäge gelenler şol gazanlarda et gaýnadarlar. Şol günden başlap Serkerdebaşy Ýehowanyň öýünde kenganlardan* hiç kim bolmaz»+.
Çykgytlar
^ Ýagny ikinji aýatda aýdylýan şäher.
^ Sözme-söz: deňze.
^ Ýagny Ortaýer deňzi.
^ Ýagny Öli deňzi.
^ Ýa-da: sežde etmek.
^ Ýa-da: Mukaddeslik Ýehowa mahsusdyr!
^ Başga manysy: täjirlerden.