Zekerýa 3:1—10
3 Ol maňa Ýehowanyň perişdesiniň öňünde duran baş ruhany Ýuşany+ görkezdi. Ýuşanyň sagynda Şeýtan+ durdy, ol Ýuşa garşy çykmaga taýyn bolup durdy.
2 Soňra Ýehowanyň perişdesi Şeýtana şeýle diýdi: «Şeýtan, goý, Ýehowa saňa käýesin!+ Iýerusalimi saýlan+ Ýehowa saňa käýesin! Eýsem, Ýuşa otdan çykarylan odun dälmi?»
3 Ine, hapa eşikli Ýuşa perişdäniň öňünde durdy.
4 Perişde ýanyndakylara: «Hapa eşigini çykaryň» diýdi. Soňra ol Ýuşa: «Ine, seni günäden arassaladym. Saňa gowy eşik+ geýdirdim» diýdi.
5 Soňra men: «Başyna arassa selle oraň»+ diýdim. Şonda onuň başyna arassa selle oradylar, egnine gowy eşik geýdirdiler. Ýehowanyň perişdesi hem onuň ýanynda durdy.
6 Ýehowanyň perişdesi Ýuşa şeýle diýdi:
7 «Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Eger meniň ýollarymdan ýöreseň, tabşyran borçlarymy berjaý etseň, öýümde kazylyk edersiň+, howlularyma gözegçilik edersiň. Şu ýerde duranlaryň ählisine rugsat berişim ýaly, saňa-da huzuryma gelmäge rugsat bererin“.
8 „Baş ruhany Ýuşa we öňünde oturan ruhanylar, diňlemegiňizi haýyş edýärin! Siz alamat bolarsyňyz. Men gulum+ Şahany+ ibererin.
9 Ýuşanyň öňünde goýan daşyma serediň! Daşda ýedi göz bar. Men daşy oýup hat ýazaryn. Halkyň günäsini bir günde bagyşlaryn+ — muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.
10 Şol gün her biriňiz goňşyňyzy üzüm we injir agaçlarynyň saýasynda oturmaga çagyrarsyňyz“+. Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar».