Zekerýa 5:1—11
5 Men ýene-de başymy galdyryp seretsem, bir golýazma uçup barýardy.
2 Perişde menden: «Näme görýärsiň?» diýip sorady.
Men: «Uçup barýan golýazmany görýärin. Onuň uzynlygy 20 tirsek*, ini 10 tirsek» diýdim.
3 Ol şeýle diýdi: «Golýazma bütin ýer ýüzüne iberilen gargyşdyr. Ogrulara+ jeza berilmeýär, şonuň üçin golýazmanyň bir tarapyna olara gargyş ýazyldy. Ýalandan ant içenlere+ jeza berilmeýär, şonuň üçin beýleki tarapyna olara gargyş ýazyldy.
4 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Gargyşy men iberdim. Gargyş ogrynyň we meniň adymdan ýalandan ant içeniň öýüne siňer. Gargyş öýi, agaçlaryny we daşlaryny kül-owram eder“».
5 Meniň bilen gepleşen perişde ýanyma gelip: «Başyňy galdyryp, şol gelýän zada seredäý-dä» diýdi.
6 Men: «Ol näme?» diýip soradym.
«Bir uly* gap. Ol bütin ýer ýüzündäki erbet adamlary suratlandyrýar» diýip, perişde düşündirdi.
7 Seretsem, gabyň gurşun gapagy açyldy, içinde bir aýal otyrdy.
8 Perişde: «Ol Erbetlikdir» diýdi. Soňra ol aýaly gabyň içine itekledi-de, gurşun gapagy ýapdy.
9 Men ýene başymy galdyryp seretdim. Şonda iki aýalyň şemala ganatlaryny ýaýyp gelýändigini gördüm. Olaryň ganaty leglegiňkä meňzeýärdi. Aýallar gaby göge galdyrdylar.
10 Meniň bilen gepleşen perişdeden: «Olar gaby nirä alyp barýarlar?» diýip soradym.
11 Perişde şeýle diýdi: «Şyngar*+ ýurduna alyp barýarlar. Aýal üçin bir öý gurarlar. Öýi taýyn bolanda içine salyp goýarlar».
Çykgytlar
^ Bir tirsek 44,5 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Ýa-da: Bir çuwallyk. Bir çuwal 22 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Ýagny Wawiloniýa.