Amos 1:1—15
1 Tekoýaly+ çopan* Amosyň* sözleri. Ýahuda patyşasy Uzyýanyň+ we Ysraýyl patyşasy Ýowaşyň+ ogly Ýerobgamyň+ döwründe, ýertitremeden+ iki ýyl öň, Amosa Ysraýyl hakda görnüş* berildi.
2 Ol şeýle diýdi:
«Ýehowa Siondan arslan kimin arlar.Iýerusalimden batly ses bilen gygyrar.
Çopanlaryň öri meýdanlary gurar.Karmeliň çür depesindäki otlar solar»+.
3 «Ýehowa şeýle diýýär:„Damask üç gezek, hatda dört gezek gozgalaň turuzdy,Şonuň üçin çykaran hökümimi ýatyrmaryn.Sebäbi ol Gileady demir döwek bilen döwdi+.
4 Hazaýylyň+ öýüne ot ýagdyraryn.Ot Benhadatyň+ berk diňlerini kül-peýekun eder.
5 Damasgyň+ derwezeleriniň kiltlerini döwerin.Bekat-aweniň ilatyny,Beýteremiň hökümdaryny ýok ederin.Siriýa halky Hire+ sürgün ediler — muny Ýehowa aýdýar“.
6 Ýehowa şeýle diýýär:„Gaza+ üç gezek, hatda dört gezek gozgalaň turuzdy,Şonuň üçin çykaran hökümimi ýatyrmaryn.Sebäbi ol ähli halky ýesir alyp+, Edomyň eline berdi.
7 Men Gazanyň+ diwarlaryna ot ýagdyraryn.Ot onuň berk diňlerini kül-peýekun eder.
8 Aşdotyň+ ýaşaýjylaryny,Aşkelonyň+ hökümdaryny ýok ederin.Ekrona+ el götererin,Piliştlileriň aman galanlaryny gyraryn“+.Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar.
9 Ýehowa şeýle diýýär:„Tir+ üç gezek, hatda dört gezek gozgalaň turuzdy,Şonuň üçin çykaran hökümimi ýatyrmaryn.Sebäbi ol ähli halky ýesir alyp, Edomyň eline berdi.Olar doganlyk ähtini unutdylar+.
10 Men Tiriň diwarlaryna ot ýagdyraryn.Ot onuň berk diňlerini kül-peýekun eder“+.
11 Ýehowa şeýle diýýär:„Edom+ üç gezek, hatda dört gezek gozgalaň turuzdy,Şonuň üçin çykaran hökümimi ýatyrmaryn.Sebäbi ol gylyç bilen doganynyň yzyndan kowdy+.Rehim-şepagat etmedi,Zalymlyk bilen bölek-bölek etdi.Gahar-gazaby sowaşmady+.
12 Men Teýmana+ ot ýagdyraryn.Ot Bosranyň+ berk diňlerini kül-peýekun eder“.
13 Ýehowa şeýle diýýär:„Ammonlar+ üç gezek,Hatda dört gezek gozgalaň turuzdy,Şonuň üçin çykaran hökümimi ýatyrmaryn.Sebäbi olar araçägini giňeltmek üçin+Gileadyň göwreli aýallarynyň garnyny ýardylar.
14 Şol söweş güni surnaý çalnar,Şol harasat güni apy-tupan turar.Men Rapanyň+ diwarlaryna ot ýagdyraryn,Ot onuň berk diňlerini kül-peýekun eder.
15 Olaryň patyşasy han-begleri bilen bile sürgün ediler“+.Muny Ýehowa aýdýar.